Döredilen ýyly – 1932 ý.
Tutýan meýdany – 262037, olardan 195247 ga suw ýalpaklygy.
Döretmegiň maksady: Hazar deňziniň tebigy toplumlaryny, guşlaryň suwda ýüzüji we beýleki gymmatly we seýrek görnüşleriniň höwürtgeleýän ýerlerini, uçup geçişindäki dynç alşyny we gyşlaýşyny goramak we toplumlaýyn öwrenmek. Bu ýere her ýyl guşlaryň jynslarynyň 300 müňe golaýy gyşlamaga uçup gelýärler.Guşlaryň 280-e golaý görnüşi, balyklaryň 35 görnüşi, süýrenijileriň 30 görnüşi, süýdemdirijileriň 20 görnüşi duş gelýär. Haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň itaýy, gyzyl we buýraly gotanlar, adaty gyzylinjik, gyzgy, turaç, çal zemzen we başgalar ýaly köp görnüşleri Türkmenistanyň we Tebigaty we tebigy baýlyklary Goramagyň Halkara Bileleşiginiň (TBGHB) Gyzyl kitaplaryna goşuldy. Ösümlikleriň seýrek we endemik görnüşleriniň 75-e golaý görnüşi ösýär: Raddeniň buzeýasy, süýji buýan, türkmen astragaly, çägemik, türkmen seudegi, Litwinowyň aşygoty we başgalar. Goraghananyň ygtyýarynda çäkli goraghana bolup, ol 1990-njy ýylda döredilip, Hazar deňzindäki Ogurjaly adasynda ýerleşýär. Tutýan meýdany – 7000 ga.
Hazar döwlet goraghanasynyň döredilmeginiň maksady – keýikleri ýarym erkin saklamak we olaryň baş sanyny köpeltmek bolup durýar.
Saparow Ýazmuhammet
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň mugallymy