1).Troposfera (janly organizmleriň ýaşaýan gatlagy) – deňiz derejesinden polýuslarda 8-10 km., ekwatorda 16-18 km. beýiklige çenli. Bu gatlakda tempratura her kilometr beýiklikde ortaça 6 °C peselýär. Troposferada howanyň agramynyň 80% töweregi, garyndylaryň esasy mukdary we suw buglarynyň ählisi diýen ýaly saklanýar. Şol sebäpden bu gatlakda howa şertlerini häsiýetlendirýän fiziki prosesler bolup geçýär; bulutlar emele gelýärler, ýyldyrym çakýar, ýagyş ýagýar we ş.m.
2). Stratosfera – 12 km –den 50-55 km. beýiklige çenli.Bu gatlakda kislorodyň we azodyň mukdary azalýar, wodorodyň, geliniň we beýleki ýeňil gazlaryň mukdary bolsa köpelýär. Bu ýerde emele gelýän ozon gatlagy ultrafiolet radiasiýany özüne siňdirýär we Ýer üstüniň ýylylyk şertlerine we troposferadaky fiziki proseslere güýçli täsir edýär.
3). Mezosfera – 50-55 km –den 80-85 km beýiklige çenli.
4).Termosfera (ionosfera ) – 85 km –den 800 km beýiklige çenli. Bu gatlakda esasan hem geliý we wodorod agdyklyk edýär. Molekulalaryň bir bölegi kosmos şöhlelenmeleriniň täsirinde atomlara we ionlara dargaýar. Tempratura 400 km. beýiklikde 1500 °C ýetýär.
Taýyrow Mämet
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby