Ylymdyr bilimiň durmuşymyzdaky wajyp ornuna uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesillerimiziň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmekleriniň derwaýysdygyny nygtap, möhüm wezipeleri öňe sürýär. Ýaşlara ylym we bilim, edep-terbiýe bermekde pederlerimizden miras galan el işlerimizi, dürli hünärleri öwretmäge, milliligimize, däp-dessurlarymyza hormaty, sarpany, söýgini terbiýelemäge gönükdirilen ajaýyp şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym, bilim almagyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem batly depginler bilen alnyp barylýar. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edilen şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň mysalynda hem anyk göz ýetirmek bolýar.

Hasabatlardan mälim bolşy ýaly, degişli döwürde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary bilim işinde giňden ulanyldy. Ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi.  Amala aşyrylýan şeýle belent maksatlaryň netijesinde kämil ylym öwrenip, Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ussat hünärmenler kemala gelýär.

Dursun BAKYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.