“Pähim-paýhas ummany- Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toýdyr-baýramlara, şanly seneler beslenýär. Ýurdumyzda her ýylyň 21-22-nji mart günleri Milli bahar baýramy- Halkara Nowruz güni bellenip geçilýär. Bu baýram türkmen halynyň däl-de eýsem ähli türki halklarynda özbek, gazak, galpak, gyrgyz ýaly milletlerde hem bellenilip geçilýär. Taryhy döwürlerden bäri bu baýramyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen bagly däplerini dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar.
Milli bahar baýramy bolan – Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda uly giňden bellenilýär. 2009-njy ýylda ÝUNESKO – nyň Adamzadyň maddy däl medeni miraynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär.
Nowruz baýramy – bu türkmenleriň täze ýylydyr. Bu baýram biziň halkymyzda milli baýramlarynyň biri bolmak bilen özüniň aýratyn däpleri bilen tapawutlanýar. Nowruz baýramynda biziň ýurdumyzda her bir maşgalada saçaklar giňden ýazylýar we dürli hili nazy-nygmatlar bilen doldurylýar. Nowruz baýramynda esasan hem milli naharlarymyz bolan semeni, unaş, palaw, köje, süýtli aş ýaly mäşewe ýaly naharlar bilen saçaklar bezelýär.
Hormatly prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsaperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýişiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleriniň biridir.
Meredowa Leýla,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Maglumat ulgamlary (oba hojalygynda) hünäriniň 4-nji ýyl talyby.