Elewator senagaty biziň ýurdumyzyň halk hojalygynda, oba hojalygynda täzeden işleýän senagatyň önümçiliginiň we kärhanalarynyň wajyp roly ýerine ýetirýär. Mundan başga – da, elewator senagaty dänäň we tohumyň kärendeçilerden (öndürijilerden) alyja (dänäni täzeden işleýän zawodlara, iýmit senagat kärhanalaryna we ş. m.) geçirilmegini üpjün edýär. Elewator senagatyň kärhanalarynda däne hiliniň gowulanmagy üçin we saklanmak möhletini ýokarlandyrmak üçin kabul edilýär we täzeden işlenilýär.

Döwletiň satyn alan dänesiniň tutuş agramyndan 80% unuň we ýarmaň işlenilmegine gidýär. Dänäň eslije bölegini kombikorm senagaty ulanýar. Dänäň bir bölegi we ony işlemegiň goşmaça önümleriniň bölegi kombikormlarda 40 – dan 60% çenli eýeleýär. Iýmit senagatyň käbir ulgamlary şeýle hem dänäni çig mal hökmünde ulanýarlar. Dänäň we ýagly osümlikleriň iri alyjylaryna, iýmit senagatyň ýag, krahmal – toşap, konserwa, konditer we we beýleki ulgamlary degişli edýärler.

Elewator senagaty şeýle hem, ýurduň oba hojalygyny üpjün etmek üçin ýokary hilli tohumlary taýýarlamak boýunça uly işleri geçirýärler. Elewator senagatyň paýyna, oba hojalygy üçin zerur bolan däne ösümlikleriň tohumlarynyň 40% golaýy we mekgejöweniň ýokary hilli we gibridi bolsa 100% düşýär.

Elewator senagaty şu esasy wezipeleri ýerine ýetirýär:

1) kärendeçilerden ýagly ösümlikleriň tohumlaryny we dänelerini kabul edýär;

2) olardan iri birgörnüşli tapgyrlary emele getirýär;

3) dänäň we tohumyň arassalanmagyny we hillere bölünmegini, olaryň guradylmagyny we ýelejiredilmegini ulanyp dänäň hilini alyjylaryň talaplaryna laýyk getirip gowulandyrýarlar;

4) yzygyderli dänäni täzeden işleýji senagaty däne bilen, halky bolsa hereket edýän standartlara laýyklykda gerek bolan hilde olardan täzeden işlenilen önümler bilen üpjün edýär;

5) tohumçylyk hojalyklaryndan ýokary hilli tohumluk dänelerini we otlaryň tohumlaryny, mekgejöweniň gibrid we ýokary hil tohumlaryny kabul edýär, olary arassalaýar we saklaýar, olar bilen kärendeçileri üpjün edýär;

6) daýhan birleşikleri kombikormlar, belok – witamin garyndylar, premikslar bilen üpjün edýärler.

Mätniýazowa Gülstan

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby