Keramiki materiallaryň öndürilişi, Keramiki materiallaryň önümçiligi Türkmenistanyň her bir ilatly punktunda diýen ýaly bardyr. Keramiki önümleri öndürmek üçin möwsümleýin we üznüksiz işleýän peçlerden peýdalanylýar .
Keramiki materiallary toýnuň dürli görnüşlerinden, ýa-da olaryň garyndylaryndan, alýarlar.Ýagny «keramikos» sözi grekçeden türkmençä terjime edilende, toýun diýen manyny berýär. Keramiki materiallary öndürmek üçin, ilki eýlenen çig mala alynjak önümiň görnüşi berilýär. Soňra önümiň görnüşi berlen çig maly ýokary temperaturada gyzdyrýarlar. Keramiki önümler emele gelende çig mal doly eräp ergine geçmeýär-de, eýsem olaryň üsti eräp, bölejikler bir-birleri bilen ýapyşýarlar, sepleşýärler. Mysal üçin, bişirilen kerpijiň, oda çydamly kerpiçleriň, çerepisanyň, bezeg üçin plitalaryň, drenaž turbalarynyň, hojalykda ulanylýan küýze gap- -gaçlarynyň we beýlekileriň öndürilişi ýörite peçlerde amala aşyrylýar. Pejiň temperaturasy 900-1100°C çäklerindedir. Peji gyzdyrmak üçin häzirki wagtda diňe tebigy gazdan peýdalanýarlar.
Türkmenistanda söndürilmedik hek we alebastr öndürilýär.
Söndürilmedik hek ýokary temperaturada gyzdyrmak bilen tebigy hekden (ýa-da hek daşyndan, mergelden) alynýar. Şonda aşakdaky ýaly reaksiýa geçýär:
Gips Türkmenbaşy we Köýtendag känlerinde ýeterlik mukdarda duş gelýär. Gips bişirilende onuň düzümindäki suw azalyp, suwuň ýarym moluny saklaýan ýagdaýyna geçýär. Ol gatanda suw bilen täsirleşip, suwda ýaramaz ereýän (suwuň iki moluny saklaýan) ýagdaýyna öwrülýär.
Sementiň öndürilişi. Suwda gataýan tutluşdyryjy maddalara silikat (portlandsement) we alýumosilikat (glinozem) sementleri degişlidirler. Olardan portlandsement Keletedäki sement kärhanasynda öndürilýär.
Täjibaýewa Ejebal,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby