Türkmenistanda aýna önümçilgi geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan bäri dowam edýär. 1959-njy ýylda şol döwre çenli gurlan, aýna kärhanalarynyň üçüsi Aşgabadyň aýna kärhanasyna birikdirildi. Aşgabadyň aýna kärhanasynda diňe bir penjire aýnasy däl-de, eýsem çüýşe gaplar, termos, ýylylygy we gün şöhlelerini saklaýjy aýnanyň dürli görnüşleri öndürüldi. Aşgabadyň aýna kärhanasynda her ýylda 8 mln. m2 penjire aýnasy, 56 mln. sany çüýşe gaplary, 3 mln. sany termos öndürildi. Bu kärhanalaryň öndüren önümleri diňe bir Türkmenistanyň gurluşyk materiallaryna bolan talaplaryny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem Eýran, Türkiýe, Owganystan ýaly beýleki birnäçe döwletlere hem satyldy.

Aýnanyň öndürilişi. Owadandepe «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda aýnanyň önümçiliginde ulanylýan çig mallar: kwars çägesi, hek daşy, dolomit, natriý sulfaty we beýlekiler Türkmenistanyň tebigy çig mallarydyr. Aýnanayň önümçiliginde ulanylýan beýleki maddalar bolsa, Türkmenistanyň öz önümçilik kärhanalarynyň önümleridir. Ol çig mallary owradyp, elekden geçirip, guradylandan soň garyşdyrylýar we şol garyndy, onuň düzümine goşulýan goşmaça maddalar bilen bilelikde, 1550ºC temperaturasy bolan peçde doly suwuk hala geçýänçä gyzdyrylýar. Owadandepe «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda reňkli aýnany öndürmek üçin, başlangyç maddalaryň garyndysyna ýene-de reňk beriji maddalar hem goşulýar. Öndürilýän aýna plastinkasynyň üstüniň ideal tekiz bolmagy üçin «Float» (ýüzmek) tehnologiýasy peýdalanylýar. Şonda float – wanna guýlan aýna suwuk halyndaky galaýynyň üstünde ýüzüp ýörýär we onuň aşak tarapy hem-de howadan azot bilen üzňeleşdirilen üst tarapy agyrlyk güýjüniň we üst dartylmasynyň täsirinde ideal tekiz bolýar.

Berdiliýewa Ýazjemal,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby