Gahryman Arkadgymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýörelgelerinden ugur alyp, biziň ýurdumyzda 2024-nji ýylyň “Pähim- paýhas ummay- Magtymguly Pyragy” diýip, atlandyrylmagy bilen Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hormatyna 300 ýyllyk doglan gununiň bellenip geçilmegini dünýä alymlarynyň, Magtymgulyşynaslaryň Türkmenistanda geçiriljek halkara çärelere gelmegi bilen utgaşdyrylyp, biziň hem başymyzy göge ýetirdi. Magtymguly Pyragynyň bilime goýýan sarpasy belentdir.
Onuň Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly , ýaşlarymyza görelde bolarlyk Milli edebiýatymyzy beýgetmesi hem hut şu jahtdendir diýip bileris. Biz ýaşlar, Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesi bilen Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleriň ýol görkezijiligini baýdak edinip, gije- gündiz okap, ýurdumyzda abraýly şahsyýetler bolamk üçin ylymly dünýäniň ýaşlary bolmak üçin bu günki gün borçlydyrys. Çünki Gahryman Arkadgymyzyň sargytlarynda hem ýaşlaryň Magtymguly Pyragy ýaly il- halkyny söýen adamlar bolmagyny ündeýän hem-de şol ündewleriň içi bilen halk bähbitli işleri edýän, ýurdumyzy ösdürjek ýaşlaryň kemala gelmegi, täze nesilleriň döremegi bu iň uly serpaýdyr, biziň watanymyz üçin. Şol sebäpli-de bu ajaýyp şygarly ýylymyzda ýokary hilli netijeler gazanyp, hut beýik medeniýelti türkmen topragyny baýlygy, ruhy dünýäsi bilen birlikde gujurly ýaşlar bolup ýetişmäge biz borçlydyrys, şahyryň şygyr baýramyna ykjam taýýarlyklar bilen barmak bolsa, biziň jana- jan borjumyzdyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilim ulgamynda, edebiýatda we beýik mirasymyz bolan milli mirasymyzda iň sarpaly ýerde bolmagy türkmen halkynyň başyny göge ýetirýär.Türkmen milletiniň beýik ogly Magtymguly Pyragy hem dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna türkmeniň medeniýetiniň we edebiýatynyň goşulmagy üçin beýik sütün goýup giden şahsyýetdir. Magtymguly düşünjelerini halk köpçüligine has düşnükli beýan etmek üçin ençeme kitaplar ýazmak bolar hem – de ýazylmalydyr diýip düşünýäris. Pyragynyñ özi hem diýmek bilen bu pikiri oňlapdyr. Türkmen dutarynyň şirin heňlerinde şygyrlary ereýän beýik Pyragynyň türkmen halkynyň Garaşsyzlygyny hemişe arzuw edip ýaşandygyny bilýäris. Şahyr ýüregi halkyna daýanyp, onuň beýik ruhunda emele gelen beýik bir sütünden ruhlanyp, elbetde zamananyň tanymal şahsyýeti bolandygy hemmämiz üçin aýandyr.
Gahryman Arkadgymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýörelgelerinden ugur alyp, biziň ýurdumyzda 2024-nji ýylyň “Pähim- paýhas ummay- Magtymguly Pyragy” diýip, atlandyrylmagy bilen Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hormatyna 300 ýyllyk doglan güni her bir ýerde bellenmek bilen, onuň döredijiligine sarpa goýulmagy ýokarydyr we doglan gununiň bellenip geçilmegini dünýä alymlarynyň, Magtymgulyşynaslaryň Türkmenistanda geçiriljek halkara çärelere taýýarlyk görmek işleri hem ýokary derejede alnyp barylýar. Magtymguly Pyragynyň bilime goýýan sarpasy belentdir. Gahryman Arkadgymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara beýik şahyryň sarpasyny sarpalamakda döredýän mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýarys. Goý olaryň jany sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
ALTAÝEWA Täzegül
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 108-nji toparynyň talyby
Howandar mugallymy: Orazmuhammedowa Şasoltan