Gyzlyk dünýäden saýlanyp bir öýüň törüni bezän,
Gaýynlarna,goňşularna çyn ýürekden hormat goýýan,
Il-ulus türkmen gelniniň kaddy-kamatyna haýran,
Bir maşgalaň göz-guwanjy ,gözellik nusgasy gelin.
—
Eli çeper,dili süýji,on barmagnyň hünäri bar, Özüniň saýlan ýaryna şeýle mylaýym,wepadar,
Ýüwürjisi,baldyzlarna,süýji, hoş sözüni paýlar, Owadandyr hem görmegeý,syratly,gül ýüzli gelin.
—
Gözel türkmen gelinlerniň waspy edilýär bar ýerde,
Ýüze sylýar türkmen halky aý ýüzli gelin görende,
Şeýle gelne mynasypdyr gaýratly bir nazarkerde
Söýýän hem-de çyn ýürekden söýülýän taryply gelin.
—
Hyzmat eder,söýer ýaryn,ýaşar maşgalasy diýip,
Doýup bolmaz gelinleriň kaddy-kamatyny görüp,
Hiç ýadamaz ýakynlarna güler ýüz,hoş söz eçilip,
Maşgalasynyň guwanjy,sylagly,owadan gelin.
—
Bilbil Öwezowa
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niñ GDE fakultetiniñ 5-nji ýyl talyby