ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ol medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar.
Nowruz – now – täze, ruz – gün diýmekligi aňladyp, gadym döwürlerden bäri bellenilýän meşhur täze ýyl baýramydyr.
Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar. Bu sene adamlaryň arasynda ylalaşyklylygyň berkarar bolýandygyny äşgär edýär. 2010-njy ýyldan bäri Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýän bu baýram iň ähmiýetli we möhüm baýramlaryň biridir.
Babagulyýewa Ogulnur
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby