Halkymyz rysgal- bereketli, topragynyň bir gysymyndan müň tylla önýän toprakly halkymyz bolsa, milli däp- dessurlaryny aýap saklaýan beýik bir medeniýeti özünde göterýän halk. Munyň özi Halkyň Gahryman Arkadagynyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarynyň döwletli ýol ýörelgesini ýörelge edinip, ösüşlere öňe barýandygyny alamatlandyrmasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen halkymyz hakda edýän aladalaryndan ugur alyp, Tehnologiýa we başga işewürlik prosesleri boýunça dürli işleri alyp barmak hem häzirki wagtda tehnologiýalaşdyrylan zamanda däbe öwrüldi.
Elbetde tehnologiýalaryň kömegi bilen ýurdumyzyň nebit we gaz ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň üsti bilen ýokary netijeleri gazanmak hem-de dünýä ykdysady bazarynda türkmen topragynda önýän nebiti we gazy ýokary hilli bahadan dünýäniň çar künjüne söwda ýollarynyň üsti bilen ýerleşdirmek ýigrimi birinji asyryň iň ýokary netijeliligini gazanan üstünlikleriniň biziň ýurudmyzda hem bolmagy muňa aýdyň mysaldyr.
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen birlikde ýokary derejede ösüşleri bolan halkymyzyň bu günki gün ýaşaýşynyň ýokarlanmagyna täze jaýlaryň gurlup ulanylmaga berilmegi hem- de gelejegi nazarlaýan halkymyzyň körpe nesliniň kemala gelmeginde innowasiýon ösüşleriň derejesiniň ýokarlanmagy bilen edilýän işler has- da artmagy halkymyzy ösen ykldyasdy industrial döwletiň wekili bolmagyny gazandyrmaklary bolsa bu günki gün dünýä ösüşlerinde iň ýokary derejeleri gazanmakdyr.
Bagtyýar halkymyzyň ruhy galkynyşynyň dowamy biziň Garaşszylyk toýlarmyzda hem öz däp- dessurlary bilen ýokary derejeli bellenilende münberiň öňünden geçýän nebit we gaz ulgamyna degişli bolan bir çemen deý ulagda bereketi bilen görkezilýän nebit we gaz ulgamynyň nusagalary göz öňüne geleninde beýleki pudaklardan has hem ýokary netije gazanan bu pudagyň bu günki ykdysady ösüşine beýik baha bermäge mynasyp bolandygyny subut edýär.
Öz gözelligi bilen haýran galdyrýan diýarymyzyň ösüşlerinde nebit- gaz ulgamynyň hem aýratyn ornunyň bardygyny bellemek ilkinji nobatda şol Garaşsyzlyk toýumyzdaky münberiň öňünden geçýän pudaga degişli ulagda hem öz beýanyny tapmasy hemişe bu ulgamyň biziň ýurdumyzyň rysgal- bereketiniň ýüzidigini aňladýar. Ol ulgamdaky hünärmenler dünýäniň halkara nebit we gaz kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen bäsleşýärler.
Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, alyp barýan il ýurt bähbitli işleri mundan beýläk- de rowaç alsyn! Halkymyza döwrebap hyzmat etmek bilen sanly ulgamy nebit we gaz kärhanalaryna ornaşdyrmakda, ýerleşdirmekde, ýurdumyzyň ösüşine öz goşandymyzy goşmakda biz hem elimizden gelenini aýamarys.
Şeýle mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize ýene bir gezek köp sag bolsun aýdýarys!
Goý olaryň jany sag , tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
ALYHANOWA Gülçynar
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby
Howandar mugallymy: Hudaýberdiýewa Mähri

RU



