Türkmen oba hojalyk institutynda Ýaş alymlar Geňeşi we “Ýaş Bagban” ylmy gurnagy Bütindünýä kösükli däneliler güni mynasybetli talyplaryň arasynda test bäsleşigini geçirdi.
Çekeleşikli geçen bu bäsleşige Türkmen oba hojalyk institutynda ähli ugurlar boýunça bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň dowamynda bäsleşige gatnajylar kösükli däneli ekinlere degişli bolan test soraglarynyň 50 sanysyna dogry jogap bermek boýunça özara bäsleşdiler. Test soraglary kösükli däneli ekinlere degişli bolup olarda kösükli dänelileriň tohumlaryny tanamak, kösükli däneleriň himiki düzümi, kösükli dänelileriň ýurdumyzda we dünýä boýunça ekilýän meýdanlary we hasyllygy bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar bilen baglanyşykly boldy. Test bäsleşigine gatnaşan talyplar bu bäsleşige gatnaşmak bilen kösükli däneli ekinler barada täsirli maglumatlara eýe boldylar.
Test soraglaryna dogry jogap berip ýokary netije görkezen talyplaryň arasynda 1 sany 1-nji orun, 3 sany 2-nji orun, 3 sany 3-nji oruna mynasyp boldylar. Olardan 1-nji oruna Şyhyýew Şanur Oba hojalygynyň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby, 2-nji oruna Zäkirjanowa Albina Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby, 2-nji oruna Zäkirjanowa Ogulgerek Agroekologiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby 2-nji oruna Goçowa Gülnar Agroekologiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby 3-nji oruna Mämmedowa Baýramsoltan Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby, 3-nji oruna Otyzowa Gülnur Oba hojalygynyň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby, 3-nji oruna Rahmedowa Çeper Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Bäşleşige işjeň gatnaşyp ýokary netije görkezen talyplara Türkmen oba hojalyk institutyň Agronomçylyk fakulteti tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Gurbanjemal Abdyýewa
Serdar Oraýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakuletiniň talyplary