Häzirki zaman döwrebaplyk dünýäsinde komputersiz haýsydyr bir zady göz öňüne getirmek mümkin däl. Hut şol sebäpli-de bu tema hälimi, şindi ýüzlenmäge mejbur bolýarys. Çünki komputerler biziň durmuşymyzdaky ähli zerurlyklarda, üpjünçiliklerde we işlerimizi aňsatlaşdyrmay ýola goýmakda ýokary derejede ulanylýandygyny aýtmak zerurlygy bardyr. Döwrümizde durmuşymyzy kompýutersiz göz öňüne getirmek mümkin däl, çünki kompýuterler biziň durmuşymyzyň aýratyn , aýrylmaz bölegine öwrüldi. Komputerleriň üstünlikleriniň amala aşmagy häzirki zaman tehnologiýalary bilen adamyň arasynyň has- da ýygjamlaşandygyny görkezýär. Komputerleriň görnüşleriniň tükeniksizdiigni biz bilýäris. Emma olaryň agramy barada hiç wagt hem pikirlenmeýäris. Emma olaryň agramlylarynyň baha görnüşi hem bir- birinden tapawutlydyr. Dünýädäki iň agyr kompýuter 1980-nji ýylda IBM tarapyndan döredildi. Onuň öz agramy 48 kg töweregi bolup, diskowodly agramy 59 kg-a barabardyr. 1956-njy ýylda ýady 5 Mb bolan dünýäde ilkinji çeýe disk döredildi. Az salymdan, 1980-nji ýylda ilkinji 1 Gb çeýe disk döredildi.Elbetde komputer tehnologiýalary biziň durmuşymyzda uly orun tutýar.Haýsy ýerde bolsaň hem komputerleşdirlen durmuşymyzyň iň wajyp ýerlerini , ýagny adamlaryň birnäçesiniň birlikdäki etjek işlerini komputerleriň ýerine ýetirip bilýändigini biz bilýäris. Häzirki zaman komputer dünýäsi gün geldikçe kiçiden kiçi enjamlara geçip, hat-da uly , birnäçe uly agramly komputerleriň hut kükürt çöpi ýaly kiçijik göwrüme geçmegi hem bu bu tehnologiýanyň ösüşlerindäki täzeliuklerden habar berýär.Şol hususda hem komputeri birlikde ulanylmak hem- de täze iş orunlarynyň döremegini gazanmak bolsa, ilkinji nobatda biziň durmuşymyzy ýeňilleşdirjek üpjünçiligi ýüze çykarýar. Agramy 250 kg-dan gowrakdy we bahasy 40 müň ABŞ-nyň dollaryna ýetdi. Komputerleriň ilkibaşdaky haly elbetde nijeme ýer tutujy bolsa-da häzirki zaman döwrebap dünýäde olaryň sanawynyň hem-de ýerine ýetirijilik güýjüniň täzelenmegi bilen birikde ýuwş- ýuwaşdan kiçelmegi , göwrüminiň gysylmagy hem-de şol göwrümde agry agramly komputerleriň hem ýerleşdirilmegi, olaryň ýerine ýetirijiligini hiç kemmezden hala getirilmegi häzirki zaman ösen tehnologiýalar zamanynda oňa döredijilikli çemeleşilýändiginden habar berýär. Dünýäde agramy 30 tonnadan gowrak bolan ilkinji kompýuter 1945-nji ýylda Amerikada döredildi. Häzirki zaman tehnologiýalar dünýäsinde ýüze çykan esasy üpjünçiligiň komputerler bilen baglanşykly bolmagy, manitoryň öňünde oturan adamlaryň dünýäniň ýüzünde müňlerçe bolmagy eýýäm biziň durmuşymyza üýtgewsiz ornaşan komputer üpjünçiliginiň birlikde howpsyzlygyny gazanmak hem alymlaryň borjydyr. Komputer programmirlemeginiň üstünlikli gadamlary bilen birlikde häzirki zaman dünýäsinde komputerleriň iň ösen derejesini gazanmakda dürli maslahatlardyr, dürli halkara çärelri , konferensiýalar geçirilýär we olarda täze görnüşli,üstünligi ynbanylmaz işleriň edilýändigi ýüze çykarylýar. PowerPoint programmasynda görnüşli wizual (görüş) we ses effektleriniň uly toplumyndan peýdalanmak Effektler bir slaýddan beýlekä geçirilende ýa-da prezentasiýa görkezilende, slaýdyň aýry-aýry obýektleriniň orny üýtgedilende ulanylýar.Prgramma üpjünçiligini ýola goýmak bilen birlikde komputerleriň sazlaşykly işleri , olaryň häzirki zaman ösen jemgyýetimizdäki sanly ädimleri hem bu babatda mysal alarlykdyr. Programma üpjünçiligi ýola goýlanda bolsa, komputeriň ähli taraplaýyn ulgam üstünliklerini göz öňüne tutmak zerurlygy ýüze çykmalydyr. Komputerleriň elbetde ýerine ýetirýän wezipeleriniň köplügine garamazdan her günki tazelikleri özünde jemlemek bilen ondaky habarlara hem berk gözegçilik etmek hem-de kiber howpsyzlygyny ýola goýmäk bu günki gün esasy wezipeleriň biridir. Şeýle hem aýry-aýry pursatlara ünsi çekmek üçin, surat görnen pursatynda eşidiler ýaly, el çarpyşmalar görnüşindäki we beýleki ses effektleri berilýär. Komputeri ulanyjylaryň hünarine , ýaşyna we olaryň alyp barýan işine görä, dürli- dürli ýagdaýlaryň ýüze çykmagy esasynda käbir halatlarda olaryň dünýä derejesinde ýokary derejelere çykan emeli aň bilen baglanşykly usullarynyň has ýörgünlidigini hem aýtmak ýerlikli bolsa gerek. Şol bir wagtda öwüşgünleriň aşa köp ulanylmagynyň, prezentasiýanyň mazmunyna düşünmäge päsgel berýändigini ýatdan çykarmaly däldir. Elbetde komputerde ýaş nesillere sapak geçmek bilen birlikde ýaşlaryň döredijilikli zähmetleriniň gelejege bolan ýokary isleglerini hem göz öňüne getirmek mümkindir. Tanyşdyrylyş görkezilende, slaýdlaryň geçişi syçanyň ýa-da basyjynyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Slaýdlaryň geçiş effektlerini geçiji barlaghanasy arkaly sazlamak bolar. Komputeri ulanmak bilen durmuşyňyzy ýeilleşdirmek, meseleleriň oňyn çözülmegi, häzirki zaman tehnologiýalar zamanynda görülip- eşidilmedik üstünliklere ýetilmegi bolsa, bu günki gün tehnologiýanyň we sanlaşmanyň üstünlikleri bolup biler. Kompýuterler başlangyç, aralyk we jemleýji maglumatlary ýatda saklap bilýärler. Soňra kompýuterleriň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen olar san görnüşinde berip bolýan islendik maglumatlary gaýtadan işlemäge ýaramly bolup başlaýarlar. Häzir kompýuterler kitaplary çapa taýýarlamakda, suratlary çekmekde, saz ýazmakda, kinofilmleri döretmekde, edaralarda we kärhanalarda işi dolandyrmakda we beýleki işlerde giňden peýdalanylýar. Manitorlaryň ýüzünden adamyň gözlerine zyýansyzlandyrmak işleri bolsa, häzirki zaman goraýjylyk tehnologiýalarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup biler. Geçirijileriň kömegi bilen biz işimizi ýerine ýetirýäris, geçirijiniň kömegi bilen ähli taraplaýyn edilýän işleriň üstünliklerine barmaga çalyşýarys. Şol sebäpli komputer geçirijilieriniň üsti bieln iunternet ulgamyna hem has ýakynlaşmaga mümkinçilik tapýarys.
Sazlaşykly komputer sowatlylygy ýokarda agzalan ähli meselelerimiziň esasy çözgütleriniň biridir. Çünki komputer bilen baglanşykly ähli meselelerde bir ara gelinip, dünýäniň ösen tehnologiki täzeliklerinden peýdalanmak, bu günki günüň döwrebap ýaşlarynyň komputer sowatlylygyny gazanmak biziň ýurdumyzda hem wajyp meseleleriň biridir.
Kowusow Şyhmyrat,
Türkmen oba hojalyk institutynyñ
Gidromeliorasiya we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Tebigy bilimler kafedrasynyň mugallymy.