Oba hojalyk ylmlaryň doktary bolan Rejepmyrat Berdimyradow 1941-nji ýylyň 21-nji awgustynda Wekilbazar etrabynyň Garaýap obasynda dogulýar . Rejepmyrat aga 1959-njy ýylda Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwerstetine okuwa girýär we ony 1963-nji ýylda bilimi boýunça alym agranom derejesi bilen üstinlikli tamamlaýar. 1964-nji ýylda Ýöleten etrabyndaky Pagtaçylyk inistitutyna işe başlaýar. Rejepmyrat Berdimyradow oba hojalygyny ösdürmekde uly işler bitirdi . Ýagny birnäçä inçe we orta süýmli gowaçanyň sortlarny döreden alymdyr . Döreden sortlary 9883-I (iýöleten) ; 9938-I (iýöleten);Ýöleten-19; Ýöleten-50 sortlary döreden oba hojalyk ylymlaryň doktory Rejepmyrat Berdimyradowdyr. Bu bitiren işleri üçin ýörite döwlet sylaglarna , ordenine , medalyna we yokary derejeli atlara mynasyp boldy .Ýagny ‘’Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri’’, ‘’Türkmenistanyň il ýaşulysy ‘’hormatly atlara. Ylmy derejesi boýunça ‘’Oba hojalyk ylmlaryň kondidaty’’,’’Oba hojalyk ylmlaryň doktory’’ ýaly atlara mynasyp boldy.‘’Hormat nyşan’’ordeni ,’’Watana bolan söýgüsi üçin ‘’ medaly, ‘’Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy’’ medaly ýaly baýraklaryň eýesidir
1983-nji ýylda döreden 9883-I (Iýöleten) sorty inçe süýmli gowaça bolup Türkmenistanyň gowaça meýdanynyň 67% -ne ekildi. 2004-nji ýylda Ýöleten-19 sorty ekrançylyk meýdanynda ekilip başlandy. Gowaçanyň orta süýmli Ýoleten -19 sorty ir ýetişgenligi bilen tapawutlanýar. Ýöletende döredilen sortlar diňe biziň ýurdumyzda däl-de Özbekstan, Täjikstan döwletlerinde hem ekilýär.Oňa mysal edip 9888-I sortyny görkezmek bolýar. Ol 1988-nji ýylda Täjikstanda 69,7müň ga ekilip bu ýerde ekilen inçe süýmli gowaçaly meýdanyň 75,2% tutupdyr.
Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alanyndan soň 1993-nji ýylda inçe süýmli gowaçanyň 9938-I sorty ekilip başlandy.Bu sort gowy hasyllygy,süýminiň ak reňki 1-nji tip derejesi , ýokary ‘’33-34%’’ çykymlylygy bilen tapawutlanyp giňişleýin ekildi.
Alym Rejepmyrat Berdimyradow öziniň zähmet ýolynuň 60 ýylyny öz zähmet söýerligi bilen dowam edýär. Rejepmyrat aga 200-den gowrak ylmy makalalaryň, 5 sany kitap gollanmalaryň awtorydyr.