Indoneziýa 2007-nji ýyldan bäri iň uly sil gelmeden ejir çekýär. Tebigy betbagtçylyk paýtagt sebitlere zyýan ýetirip, azyndan 60-dan gowrak adam onuň pidasy boldy. 170 müňden gowrak adam öýsüz galdy. Köprüler ýumruldy, ýollary suw aldy. Çabgalar geçen ýylyň 31-nji dekabryndan bäri diýen ýaly bes etmeýär. Deňizler öz çäklerinden çykdy. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, ýakyn günlerde hem ýagyna garaşylýar. Barmasy kyn etraplaryň ýaşaýjylaryna dikuçar arkaly agyz suwy, iýmit, birinji zerurlykdaky harytlar we derman serişdeleri ýetirilýär.