Ýurdumyzda alynyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem, häzirki wagtda tehnika-tehnologiýalardan baş çykarýan ylymly, bilimli kämil ýaşlary ösdürip ýetişdirmekdir. Bu ugurda alnyp barylýan işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Sanly ulgamyň ösmegi bilen sanly bilim ulgamyna zerurlyk barha artýar. Sanly bilim ulgamynyň esasy wezipesi bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň, hem-de bu ugurda bilim alýan islendik adamyň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalardan baş alyp çykmagy, tehniki serişdelerden, maglumat gorlarynyň ulanylşyny talaba laýyk bilmekden, we bu ugurda olaryň hünär taýýarlygyny artdyrmakdan ybaratdyr.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň barha giň gerim alýandygyna şaýatlyk edýär. Sanly bilimiň ösdürilmegi ýaş nesillere bilim berlişiniň hilini kämilleşdirmekde, hünärleriň inçe tilsimlerini öwretmekde täze mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzda hünär-tehniki, orta hünär, ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirýän talyplarymyzyň geljekde alan hünärine laýyklykda dürli ugurlarda işläp, Watanyň ösüşlerine we şan-şöhratyna mynasyp goşant goşmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär. Kämil ukyp-başarnykly hünärmenleri kemala getirmek ýurdumyzyň ynamly, ygtybarly, durnukly geljegini döretmek üçin mümkinçilikdir.
Eziz Diýarymyzda dünýäni haýrana goýýan ösüşler, milli bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň gerimli özgertmeler ýaş nesillerimiziň ýagty geljeginiň girewidir. Goý, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň hatyrasyna döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, belent tutumlary rowaçlyklara beslensin!