Ýurdumyzda ykdysady edaralar bilen bilrikde medeni hem-de bilim, senagat hem-de beýleki pudaklaryň ählisiniň sanlaşmagyna uly ýollar açylýar. Ýurdumyzda sanly ulgam arkaly dünýäniň çar knüji bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak hem-de Döwlet derejesinde geçirilýän ýokary işlerde sanlaşmanyň – awtomatizasiýanyň täsiriniň hem-de bähbidiniň ýokarydygy subut edildi. Halk bähbitli işler ýola goýulmagy bilen her bir ýerde sanlaşma hereketleri we olaryň döwlete getirýän girdeýjisiniňdir , döwlet sanawyndaky edaralara ýetirýän täsiriniň aňry b- ujy ýok. Şol sebäpde- de ýurdumyzyň islendik edara – kärhanalarynda geçirilýän ýokary derejedäki awtomatlaşdyrma, bu günki gün halk bähbitli işleriň kökenidir diýsek, ýalňyşmarys. Şu günki günde Ýurdumyzy sanly ulgama geçirmek, täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak maksatly,Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem- de Hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Sanly ykdysadyýeti ösdürmek” Konsepsiýasyndan ugur alyp elektron tehnologiýalary ösdürmek üçin giň gerimli işler amala aşyrýarlar. Sanly ulgam ilkinji nobatda gurallary sanlaşdyrmak bilen bir hatarda sanly ulgamyň bilimini gazanmak esasy borç bolup durýandygyny nygtadyk. Ony kesgitleýän iki ugru bolsa bu ulgamyň ösmeginde ýetjek sepgitlerine baglydyr. Sanly sowatlylyk häzirki döwürde ilkinji we esasy ugurlary kesgitleýjidir. Sanly sowatlylyk barada aýdylanda ilki bilen kärhanalaryň , ýagny nebit we gaz ulgamlarynda edilýän işleriň hiliniň ýokarlanmasy hem-de ol ýerde geçirilýän synaglarda awtomatik usullaryň getirýän netijesini ilkinji nobatda göz öňüne tutmalydyr. Ilkinji ädimler elbetde şahsy komputerlerden başlaýar, olaryň işleýiş usullaryndan başlap, çylşyrymly , ähliumumy ýer edinmek , olaryň netijeliligini gazanmak usullaryndan ýokary derejeli işler bu ilkinji nobatda geçirilýän abraýly kompaniýalar bilen işleşmek usullarynda hem bellärliklidir. Ösmek üçin esasybolup durýan ykdysady ugurdyr. Internet ulgamy arkaly ediljek işleriň habarlaşma usullary hem-de halk bähbitli işlerde ýerine ýetirijilik bu ilkinji ädimleriň gadamly bolmagy üçin zerurdyr .Internet tehnologik we ýoň bolan internet tehnologiýasyna tabyn işleri ýerine ýetirmegi üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp sanly bilim ulgamyny doly ýerine ýetirmek usulyna girişýär. Dünäýniň çar künjinde sanly tehnologiýalaryň ösen usullary bilen iş salşylýar. Häzirki zaman tehnologiýalar äleminde täzelikleriň bolmagy bolsa, ykdysady ugurlarda hem-de beýleki ugurlarda mümkinçilikleri açýar. Häzirki zaman durmuşymyzda uly özgertmeleri ýerine ýetirmek meselelerinde has tygşytly hem – de has wagty hem ykdysady ýagdaýa görä hereket etmek bilen köp zatlaryň üstüni doldurýar.
Komputer tehnologiýay göräýmäge ýokary netijeler gazanmak üçin edilýän işler bilen baglanşykly bolup durýandygyna garamazdan awtomatik usullara geçirmek üçin ilki bilen kärhanalaryň sanlaşmagynda komputer sowatlylygy zerurlykdyr.Geçirijileriň kömegi bilen biz işimizi ýerine ýetirýäris, Geçirijiniň kömegi bilen ähli taraplaýyn edilýän işleriň üstünliklerine barmaga çalyşýarys. Şol sebäpli komputer geçirijilieriniň üsti bieln iunternet ulgamyna hem has ýakynlaşmaga mümkinçilik tapýarys. Mikroprosessor kompýuteriň merkezi hasaplaýyș we dolandyryș elementi bolup durýar. Prosesorlar bu günki gün hil taýdan dürlidigine garamazdan örän azajyk ýere ýerleşmekdä ähli sanly ugurlar boýunça ilkinji ýokary çykan aň düşünjäni özünde jemleýär. Emeli aň usullary bilen dünýäniň ýüzündäki awtomatik usula çenli awtomatik usula geçmek netijeliligi bu günki gün dünýäniň iň uly global meseleleriniň biridir.Şahsy komputerlerden başlap, iň çylşyrymly kärhanalarda ehm awtomatik usullary beýnide ýerleşdirip, emeli aň usullaryny ýola goýmak bilen häzirki zaman ösüşleriniň iň ýokary derejesiniň gazanmagyň usullary bu günki gün ýaşlara baglydyr. Bizem öz iş tejribeçiligimizde sanlaşdyrma usullaryny ýönekeý komputerlerden başlap, iň ýokary derejeli ösüşlere çenli getirmek usullaryny tejribe arkaly ýaşlara öwretmek üçin elimizde baryny aýamaýarys.Şol sebäpli-de iň ýokary usullar bilen zähmet çekip, ýurdumyzyň ösen awtomatik usullary ýola goýlan kärhanalarynda işlejek ýaş hünärmenleri gazanmak üçin netije görkezmäge çalyşýarys. Șahsy kompýuterleriň esasy häsiýetlendirijisi bolup, onuň iș öndürijiligi we berlenleri saklamak üçin hușunyň möçberi hyzmat edýär. Kompýuterlerde maglumatlar öýjüklerde saklanylýar. Monitor malumaty suratlandyrmak enjamydyr. Häzirki wagtda reňkli monitorlar giňden ýaýrandyr.
Häzirki zaman komputerleşdirilen üstünlikleri bolan dürli enjamlar, hyzmatlar, öý we beýleki ýerler komputerleriň kömegi bilen düýübnden başga bir görnüşli işe geçip gitdi. Komputer üçin islendik dilde islendik programma ikilik ulgamynyň iň ýönekeý düzülýär. 1868-nji ýylda ýazuw maşynlary üçin oýlanyp tapyldy.
Ýat bu kompýuteriň ișläp durýan wagtynda maglumatlary mașynyň hușunda saklamak üçin ulanylýan gurlușdyr. Komputeri ulanmak hem-de soňrasynda onuň öçürilende hem zyýansyzlandyrylmagy elbetde şahsy komputerleriň adam durmuşyndaky işini hem kesgitleýändir. Häzirki wagtda dașyndan birikdirilýän gaty diskler hem maglumatlary gorap saklamak üçin ulanylýar.Munuň özi komputeriň maglumatlary gorap saklamakda hem- de şahsyň dürli ulanyjylary öz garamagyna almagynda goralmagyny gazanmagy bolsa, wajypdyr. Hasap ylmynyň esasy shemasyny düzýän detallaryň ýekeme- ýeke sanalyp geçilende sanly ulgamyň esasy özenidigini öwrenmek ilkinji nobatda ýola goýmaly zatlaryň biridir.Täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmagyň esasynda ýatýan ýörüteleşdirlen işgärleriň düzüm birligi hem- de sanly tehnologiýany durmuşa ornaşdyrmakda we onuň ähmiýetine düşünmekde esasy gerekli bolup durýan zatlaryň biri bolan sanly bilimdir.
Işleriň üstünlikli we öňküsinden has ýeňil hem- de täze özgerişlikleri öz içine almagy üçin sarp edijiniň ösen islegini kanagatlandyrmak üçin ähli hereketlendiriji güýji ýola goýmak üstünligiň açary hökmünde öňe çykýar. Munuň özi bolsa, kärhanalaryň täze röwüşe geçmegini hem- de öňki iş usulyny üýtgedip, ornaşdyrmak bilen bir hatarda köp görnüşli ykdysady üstünliklere ýetmäge başlady.Ykdysady ösüşiň ýokary göterilmegine sebäp bolup barýan sanly ykdysadyýet gelejekde her kesiň ünsüni özüne çekjekdigi düşnüklidi. Oýlap tapmakda iň ygtybarly çeşme hökmünde ähli mümkinçilikleri azaldy we şol bir hatarda sanly ykdysadyýetiň bahasy ýokary derejä göterilip,gymmaty hem abraýy artmaga başlandy. Ykdysadyýet bilen sanly ykdysadyýetiň aratapawudynyň we häsiýetnamasynyň ykdysadyýetdäki orny hakynda düşündirmek bilen biz bu bölümde sanly ykdysadyýetiň biziň durmuşymyzyň aýratyn bölegini gelejekde eýelejekdigine düşünmegimiziň hökmanlygyny ýaňzytmakçydyrys. Internet mobil işjeňligi durmuşyň ähli sferasyny basyp almak bilen işi ýeňilleşdirýär. Bu gün dünýäniň islendik nokadyndan internet ulgamy arkaly sargytlary ýerine ýetirip, ulag üpjünçiliginiň üsti bilen getirmäge mümkinçilik bar. Häzirki zaman ösen töleg hyzmatlarynyň içinde bolsa, bu töleg hyzmaty halk bähbitli işlerde öz goşandyny goşar.
Smortfon arkaly töleg ýörüte töleg terminallarynyň üsti bilen amala aşyrylýar hem-de häzirki günlerde ýurdumyzda sanlaşdyrylan edara , kärhanalaryň işinden başga-da raýatlarymyza hem elýeterli bolmagy üçin biziň kärhanamyz netijeli işler görkezmek üçin elinden geleni edýär. Häzirki günlerde döwrebap sanlaşdyrmalar arkaly bank terminnarynyň smartfonlara geçmesi biziň töleg arkaly işlerimiziň öňküden hem ýeňilleşmesine getirjekdigi ikiuçsyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen edilýän işlerde ýaş zehinlileri ösdürmek hem- de olaryň gelejegi üçin birnäçe täze taslamalar döretmek bilen bagly, biziň hem kärhanamyzyň ýaşlary, ýaşlar ýylynda birnäçe täze taslamaalryň üstünde işledi.Ýagny islendik müşderi, islendik döwletden gelýän harydyna eýe çykyp bilýär.Islendik harydyň elektron resminamalarynyň elimizde bolmagy bilen hukuk tarapyndan sanawa alynan ulagyň we onuň eýeçiligini saklaýan resmi şahsyň öňünden mümkinçilik durmuşyň ähli sferasynda gabat gelýär. Çünki bu günki gün zerurlygyny artdyrýan sanly ulgamyň görkezijisi biziň durmuşymyza barha we barha ornaşyp barýandygyny subut etmäge biz islendik mysalda mümkinçilik tapýarys.
Häzirki zaman döwrebap tehnologiýalar esasynda ýola goýlan işleriň biri hem döwrebap tölegleriň içinde smortfon arkaly töleg etmek hem-de şol töleglerde ýerine ýetirilen hyzmatlaryň internet tölegi arkaly amala aşyrylmasyny gazanmakdan ybaratdyr. Munuň üçin birnäçe mysalalra hem ýüzlenip bileris. Mysal üçin ýaşlar yzygiderli täze görnüşleri oýlap tapmak, resminama dolanşygy bilen bagly işlerinde hem subut edilendigini bellemek gerek. Ýurdumyzda islendik kärhananyň üstünlik gazanmagy üçin ýokary netijeler gazanmaga mümkinçilik döredýän resminama dolanşygynyň ýola goýulmagy bu netijeli işlerde ýokary dereje gazanmaga mümkinçilik berýär. Ýaşlarynyň döredijilikli çeken zähmetleriniň üsti bilen ýerine ýetirilen “Netije” resminama dolanşygynyň täze usullary hakda aýtmaga doly mmükinçilikler bar. Netijäniň” üsti bilen ýurdumyzyň edara- kärhanalarynda dolandyryş işleriniň amala aşyrylmasyny sähelçe wagtyň içinde gazanmak we şol edilen işlerde halkyň bähbidini goramak şeýle-de bu ajaýyp resminama dolanşygynyň anyk hem-de gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini gazanmakda köp peýda berjekdigi bu günki gün edara – kärhanalarymyzyň ýüzlerçesine ornaşdyrylan bu resminama dolanşygy hakynda aýdyp geçmek biziň üçin buýsançly wakalaryň biridir. Bu hem adamyň wagtyny tygşytlamakda we işi tizleşdirmekde we netijäni tiz almakda ýola goýlan awtomatik usuldyr.
1 C – elektron resminamadolanşyk we buhgalteriýa. Resminamalaryň dolandyrmagy, işgärler bilen bile işlemek, iş proseslaryny gurnamak,yaly işleri oz içine alýar, bulardan başgada
Bitrix 24 – elektron kanselýariýa we elektron resminama dolanşyk. Bu programma işgärleri birikdirip içgi informasion-kommunikasiýa çeşmesini açyp uly işjeňlik platformasyny döredýär, edaraňyzda we daşlaşan edaraňyzda (welaýat, şäher şahamçalarda), şeýle hem işgär iş ýerinden daşynda bolan ýagdaýynda ykjam (mobil goşundy) arkaly ullanmak mümkinçiligi hem bar .Munuň özi bu günki gün tehnologiýanyň ýurdumyzda ornaşdyrlmak mümkinçilikleri bilen birlikde netije görkezmek mümkinçilikleriniň hem ýokarydygyny subut edýär. Ýurdumyzyň ýşlary edara – kärhanalary awtomatlaşdyrmakda täze görnüşleri oýlap tapmaklary üçin Hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän şertler ýokarydyr. Ýurdumyzyň ýaşlary döredijilikli zähmet çekip, sanly ulgam arkaly birnäçe işleriň ýurdumyzda ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilik tapýar.
Şeýle uly mümkinçilikleri döredip beren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň , Arkadagly Serdarymyzyň başlary dik, janlary sag, alyp barýan işleri Şu günki günde Ýurdumyzy sanly ulgama geçirmek, täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak maksatly, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Sanly ykdysadyýeti ösdürmek” Konsepsiýasyndan ugur alyp elektron tehnologiýalary ösdürmek hem-de ýurdumyzyň kärhanalaryny , esasan hem nebit we gaz ugrundan, ykdysadyýetimize uly ösüşler gazanmaga uly mümkinçilikler döredilmegi esasynda awtomatlaşdyrmak usullaryny ýola goýmak Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallaary bilen amala aşyrylýar. Biz mugallymlar hem ýaşlary bu ugurda terbiýelemek üçin elimizde abryny aýamaýarys we bu işleri ýolar goýmak üçin uly mümkinçilikler döredilýändigini her ädimde göz ýetirýäris. Şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Olaryň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Aýsoltan Şahymowa
Saparmyrat Welmämmedow
Türkmengaz Döwlet konserniniň Mary nebit – gaz orta hünär mekdebiniň mugallymlary