Sanly ulgamyň internet tory arkaly hyzmatlar bu günki gün biziň durmuşymyzda hiç aýryp bolmajak wajyplyga öwrüldi. Adamzadyň täze durmuş giňişligi döredi. Sanly tehnologiýalaryň hem- de fiziki dünýäni täze ösüşlere çagyrýan tor dünýäsi onuň işini täzeleşdirmek üçin täzeliklere tarap atardy. Şeýlelikde adamzat ösüşi öňküsinden has täze giňişliklere tarap rowana boldy. Amarikada bu ýyllarda sanlaşma usullary göz öňüne tutmak bilen dünýäniň çar ýanyna uzaýan tehnologik mümkinçilikleriň netijesini kesgitlendi.
Bilim ulgamlarynda okuw meýilnamasyna ykdysadyýetiň esaslary, informatika, taslamalaşdyrma, Türkmenistanyň umumydünýä medeniýeti, ekologiýa, maglumat-kommunikasiýa, innowasiýa tehnologiýalary, modelleşdirme, grafika boýunça dersler girizilýär. Dünýä tejribesinde ýüze çykan tehnologiýalar zamanynyň netijesi bu günki gün adamzady ösüşlere äkitse-de birnäçe wagtyň dowamynda tehnologiýalaryň gapdaly bilen goraýjynyň ýüze çykmagy hem şert bolmaga başlady. Ýaşlaryň bilim, ukybyny açyp görkezmekde- de, bilimiň islendik ugry boýunça kämilleşmeklerini gazanmaklarynda hem sanly ulgamyň, sanly ugryň täsiri tükeniksizdir. Türkmen halkynyň ýaşaýşyny öňküsinden hem gowulandyrmak hem-de halkyň ösen islegini kanagatlandyrmak bilen birlikde, birnäçe işler alnyp barylýar. Sanly ulgam boýunça işleri häzirki wagtda eziz diýarymyzda edara- kärhanalara ornaşdyrylmak bilen , gündelik durmuşda gabat gelýän , birnäçe işgäriň etmeli işini sanly ulgam arkaly ýerine ýetirýän proigramma üpjünçilikleirni hem ýola goýýarys. Şol sebäpli hem sanly dünýägaraýşy bolan adamlaryň döwrebap ýaşlar bolup ýetişmeginde ýurdumyzda uly aladalar edilýär diýsek hakykatdan daş düşmeris. Ýurdumyzda talyp ýaşlary sanlaşdyrmagyň dürli ugurlary boýunça sowatly edip taýýarlamak üçin bilim hünärmenleriniň edýän işleri uludyr. Çünki hünäri hem bilmi sanlaşdyrmak amala aşyrylanda, ösüşleriň sakasyndaky zehinli çagalaryň açyljakdygy düşnükli zatdyr. Uzak aralykdaky bitirilmeli işleriň çägini azaltmakda, ykdysady üpjünçiligiň mümkinçiliklerini açmakda, jemgyýeti hem ösen hem şol ugra gönükdirmekde esasy zerurlyga çagyrýan täze bir zerurlykdyr.
Sanly ykdysadyýetiň esasy ugurlary bolup durýan hyzmatdaşlyk , şeýle- de döwletara gatnaşyklaryň esasy özenini öz içine alýan ykdysady hem- de medeni, syýasy hem- de beýleki ulgamlaryň ähliumumy bir sistema geçmesi sanly ykdysadyýetiň bu günki gün biziň durmuşymyzyň esasy orny tutýandygynyň alamaty hökmünde öňe çykýar.
Şeýle uly mümkinçilikleri döredip beren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň , Arkadagly Serdarymyzyň başlary dik, janlary sag, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.