Bu barada Awstriýanyň habar beriş serişdeleri edaranyň beýanatyna salgylanyp habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu «örän möhüm hadysa». DIM-de bu meseläni tiz ýüze çykardylar we zerur bolan çäreleri gördüler. Hüjüm etmek synanyşygyny derňemek üçin ýörite utgaşdyryjy geňeş döredildi.

Ministrlikde bu hüjümiň aňyrsynda beýleki döwletleriň durup bilmek ähtimallygynyň bardygyny belleýärler. Çünki geçmişde käbir beýleki Ýewropa döwletleri bu hili hüjüme sezewar bolupdy. Mundan öň, Awstriýanyň syýasy partiýalary, şol sanda Awstriýanyň halk partiýasy, Sosial-demokrat partiýasy we Awstriýa erkinlik partiýasy hem sezewar bolupdy. Ýurtda 2019-njy ýylyň sentýabrynyň ahyrynda geçirilen ählumumy saýlawlaryň öňýanynda AMP-niň lideri Sebastian Kurs partiýanyň serwerine birugsat girilendigi, netijede bolsa, ýaşyryn maglumatyň ogurlanandygyny habar beripdi.