Türkmen halky gadym wagtdan bäri maldarçylygy, şol sanda düýedarçylygy hem ýaşaýyş hajatlaryny üpjün edýän kesp-kär hasaplapdyr. Häzirki wagtda hem, türkmen sähralaryny düýesiz göz öňüne getirmek kyn.
Hakykatdan-da, uç-gyraksyz, aňňat-aňňat gum depeli türkmen ýaýlalarynda ösüp-örňäp ýören düýe malynyň belli bahasy ýok. Düýäniň diňe bir eti däl, eýsem, süýdi we ondan taýýarlanýan çal, agaran gündelik iýmitlenişde yzygiderli ulanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtap aýdyşy ýaly, düýe süýdi we ondan alynýan çal, agaran diňe bir teşneligi gandyrman, eýsem, keselleri bejermekde we olaryň öňüni almakda hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Düýäniň süýdi sygyryň süýdünden peýdalydyr. Sebäbi onuň düzüminde ýokumly maddalar sygyryň süýdi bilen deňeşdirilende birnäçe esse köpdür.
Düýe çalynyň düzüminde köp mukdarda ýaglar, uglewodlar,kalsiý, magniý we beýleki makro-mikroelementler, witaminler toplumy, dokumalarda täze öýjükleriň emele gelmegine hem-de bedendäki bolup geçýän madda çalyşygynyň kadaly bolup geçmegine itergi berýän beloklar ( albumin, globulin, kazein ) jemlenendir. Çalyň düzümindäki C we D witaminleri bedende ýaglaryň alyş-çalyşygyny hem-de turşadyjy hadysany güýçlendirýär. Düýe çaly immunoglobulinlere hem baýdyr.
Düýäniň çaly ýürek-damar, dem alyş, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň näsazlyklarynyň we birnäçe ýokanç keselleriň bejergisiniň täsirini artdyrýar.
Halmedow Döwlet,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.