Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmeginde merkezleşen köp işler logistik dünýägaraýyş bilen ösýär we häzirki döwürde dünýäniň çar künjünden habar almaga, tiz işlemäge we ykdysady çykdaýjylaryň sanynyň azalmagyna mümkinçilik döredýär.Ýurdumyzyň nebit we gaz ugry boýunça , ykdysady ösüşleriň beýany bilen ösýändigi bir näçe ýyllar öň hem dünýä derejesindäki tanalýan ösüşleriň hataryna girdi. Garaşsyzlygy alanymyzdan soň bolsa, halk bähbitli edilýän işlerde ýurdumyzyň ykdysady hem kuwwatyny artdyrmak bilen birlikde häzirki zaman sanly ykdysady mümkinçilikler öz beýanyny tapdy.
Bu günki gün ýurtda ykdysady üpjünçiligi saklamak we şol üpjünçilik esasyndaýokary görkezijilikli ykdysady ösüşleri ýla goýmak ýurtda bar bolan tejribäni dünýä ülňülerine laýyklykda gazanmak üçin edilýän işleriň jemi ýokary derejelidir.Ykdysady ösüşiň iki görnüşi – de özara baglanyşyklydyr. Ykdysady durmuşda ekstensiw ýa – da intensiw ösüş ýollary ýeke- täk arassa görnüşinde duş gelmeýär.
Halkymyzyň bol- elin durmuşda ýaşamaklary üçin edilýän aladalar Gahryman Arkadagymyzyň ýol ýörelgeleri hem – de Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýola goýulýar. Bu bolsa, gelejekde ykdysady üstünliklerde sanly dünýägaraýşyň has ýokary galjakdygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda häzirki döwürde il halk ähmiýetli, döwlet bähbitli işleriň geçirilmegi bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ugur alýan Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuş – ykdysady şertlerini gowulandyrmak üçin edýän işleriniň iň esasylarynyň biridir.
Olar hemişe özara utgaşykly amala aşyrylýar. Emma jemgyýetçilik önümçiliginiň ösüşiniň belli bir döwründe intensiw ýa-da ekstensiw ugur agdyklyk etmegi mümkin. Ykdysadyýeti intensiw usula geçirmeklik wajyp meseleleriň biridir. Durmuş ykdysady maksatly işlerde işjeňligiň zerurlygy ýokary üstünlikli wezipeleri talap edýär. Döwletiň derejesine çenli ilkinji kiçi nokatlarda ulanylan görkeziji öz ornuny durmuşa ornaşdyrýança gaty köp ýoly geçdi.
Dünýägaraýyşymyzy artdyrmaga kömek ediji şertleri döretmek üçin ähli ulgamlaryň bir hatarda sanly ulgama geçmegini gazanmak esasy her bir döwletiň häzirki tehnologiýalaryň ösen zamanynda esasy borjyuna öwrüldi. Şeýlelikde ykdysady görkezijiniň ýokarlandyrylmagy bilen tehnikalar zamanasynyň şertli iş ýerlerini döredilmeginde hem munuň örän uly täsiriniň bardygyny bilmek bolýar. Ýagny islendik müşderi, islendik döwletden gelýän harydyna eýe çykyp bilýär.Islendik harydyň elektron resminamalarynyň elimizde bolmagy bilen hukuk tarapyndan sanawa alynan ulagyň we onuň eýeçiligini saklaýan resmi şahsyň öňünden mümkinçilik durmuşyň ähli sferasynda gabat gelýär.
Çünki bu günki gün zerurlygyny artdyrýan sanly ulgamyň görkezijisi biziň durmuşymyza barha we barha ornaşyp barýandygyny subut etmäge biz islendik mysalda mümkinçilik tapýarys. Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmeginde merkezleşen köp işler logistik dünýägaraýyş bilen ösýär we häzirki döwürde dünýäniň çar künjünden habar almaga, tiz işlemäge we ykdysady çykdaýjylaryň sanynyň azalmagyna mümkinçilik döredýär.
Türkmenistan diýarymyz Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşmek bilen ykdysady ösüşlere öz goşandyny goşýan deňiz ugurlarynda hem ýokary netijeliligi gazanýar. Diýarymyzyň ykdysady ösüşinde deňziň täsiri güýçlidir. Munuň özi deňizden çykarylýan baýlyklarymyz bilen birlikde dünýäniň çar tarapyna uzaýan Hazar logistik halkanyň hem merkezi nokatlarynyň biridir.
ANNAMÄMMEDOW Ilmyrat
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby