Bilim derejesiniň ulgamlary bilim işgärlerini we guramanyň maglumatlary işläp taýýarlaýjylaryny goldaýarlar. Bilim derejesiniň ulgamlarynyň maksady – guramanyň işine täze bilimleri integrirlemek we gurama resminamalaryň akymyny dolandyrmakda kömek bermek.

Dolandyryş derejesiniň ulgamlary orta menejerleriň administratiw işlerini, gözegçiligi, dolandyrylyşy we çözgütleri kabul etmekligi ýerine ýetirmeklik üçin niýetlenen. Olar obýektleriň işleýiş ýagdaýyny (gowumy ýa-da ýok) kesgitleýärler we wagtly-wagtynda bu barada habar berýärler.

Strategiki derejeli ulgamlar – bu guramanyň strategiki barlaglaryny taýýarlaýan ýokary derejedäki ýolbaşçylar üçin kö- mekçi gural. Olaryň esasy niýetlenilişi – bar bolan guralyş mümkinçiligi şertinde üýtgeşmeleri tertibe getirmek. Her bir ulgam dürli guramaçylyk derejeleri bilen ýa-da olaryň birnäçesi bilen bir wagtda ulanylýan komponentlere eýe bolup biler. Çözgüt kabul ediji derejäniň her biriniň içinde barlagçylar düzümleýin we düzümleýin däl çözgütleri tapawutlandyrýarlar. Düzümleýin däl çözgütler – bu çözgütleri kabul ediji oýlanmagy, bahalandyrmagy we tejribe ähmiýetli ýerlerde ulanmaklygy üpjün edýän çözgütler. Düzümleýin çözgütler bolsa, tersine, adaty we gaýtalanýan bolup, her gezek täze çözgüt hökmünde seredilmez ýaly, olary kabul etmek üçin kesgitli bir prosedura ulanylýar. Bu çözgütleri kabul etmekligiň iki mümkinçilik tory emele getirýär.

Umyt Baýramalyýewa,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň Türkmen dili mugallymy.