XXI asyr tehnologiýalar asyry. Bu asyr innowasiýalaryň çalt ösýänligi — täze kämil görnüşleriniň oýlanyp tapylýandygy bilen tapawutlanýar. Ylmy-tehniki progresiň şeýle çalt depginler bilen ösmegi netijesinde döredilýän innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň çäksizdigi bolsa, aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şoňa görä-de, häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda biziň durmuşymyzyň ähli ugurlary tehnologiýalaşdyrylýar. Indi olar adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, durmuş müşgilliklerini ýeňilleşdirmäge ýardam berýär, ählumumy durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde doly ykrar edilýär.
Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň baş şerti. Bu döwürde innowasiýalara esaslanýan sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak ykdysady ösüşi gazanmagyň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.
Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup durýar. Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet olara öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýa
Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. Konsepsiýa ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, bu resminama kabul edilen gününden bäri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirildi. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizde täze önümçilikleriň ýüze çykmagynda — ylmy siňňitli harytlaryň önümçiliginiň ýola goýulmagynda, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artyp, eksport mümkinçilikleriniň has-da netijeli ösmeginde özüniň aýdyň beýanyny tapdy.