Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenen milli atşynaslygymyzyň has-da ösdürilmegi, türkmen atlarynyň toý-baýramlarymyzy bezäp, uly aýlawlarda halkymyzyň göwnüni götermegi, türkmen atçylyk sportunyň halkara derejelerinde ösdürilmegi, arassa ganly türkmen atlarymyzyň dünýä dolan şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi üçin ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde atçylyk sport toplumlary guruldy. Her ýylyň aprel aýynyň ahyrynda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilýär. Baýramçylyk bilen baglanyşykda halkara maslahat we döredijilik sergiler geçirilýär. Ahalteke bedewiniň keşbi asyrlaryň dowamynda türkmen şekillendiriş sungatynda hem uly orny eýeläp gelipdir.
Gadymy döwürlerde biziň ata-babalarymyz dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşapdyrlar we ajaýyp sungat eserlerini döredipdirler. Olar haýsy döwürde ýaşandygyna garamazdan, türkmen bedewlerine aýratyn hormat goýupdyrlar we olaryň keşbini şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlarynda şekillendiripdirler. Muňa arheologlaryň geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesi hem şaýatlyk edýär. Bedewler özleriniň owadanlygy, ýyndamlygy, täsirliligi, wepalylygy, duýgurlygy bilen türkmen edebiýatynda, medeniýetinde, sungatynda ýitmejek yz galdyrypdyrlar. Şonuň üçin türkmen halky ahalteke bedewlerini jandan söýüpdirler we olaryň keşplerini özleriniň sungat eserlerinde şekillendiripdirler.
Türkmen şekillendiriş sungaty hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly ösüşlere eýe boldy. Irki döwürlerden häzirki döwre çenli türkmen şekillendiriş sungatynda ynsan keşpleri bilen birlikde behişdi bedewlerimiziň şekilleri hem sungatyň esasy temasy hökmünde ýerine ýetirilip, sungatyň taryhynda uly orny eýeläp gelipdirler. Olaryň keşbi, esasan, nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, halyçylyk, keramika sungatynda uly orun tutupdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde hem türkmen suratkeşleri we çeperçilik hünärleri boýunça okaýan talyp ýaşlar türkmen bedewleriniň keşplerini şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde beýan edip, sergileriň üsti bilen halk köpçüligine ýetirýärler. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli açylan döredijilik sergisi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlaryň we talyplaryň milli gymmatlyklaryna bolan söýgüsini şöhlelendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň sungata berýän ünsi esasynda döredilen bu sungat eserleri bolsa, ýaş nesillerimizi watançylyk, agzybirlik, jebislik ruhunda terbiýelemekde we ahalteke bedewlerine mundan-da artyk söýgi döretmekde ähmiýeti uludyr.
Orazgözel Utomyşewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň
uly mugallymy.