Türkmen halky ogul- gyzynyň ylymly, bilimli bolmagy üçin hemişe alada edýän halk. Halk arasynda ylym, bilimiň ýollara ýagtylyk saçyjy gudraty barada köp aýdylýar. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolgörkezijilikli syýasaty bilen hem-de Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyzda ylma, bilime belent sarpa goýulýar.
Ýaşlaryň döredijiligine, olaryň edýän açyşlaryna üns berilýän hem-de sarpalanýan ýurdumyzda gün geldikçe ösýän döwletimiziň güýji elbetde ýaşlaryň döredijiligi bilen gönüden göni baglanşyklydyr.
Dürli ýerlerde ýaşlaryň döredijiligine bagyşlanan dabaralar bilen birlikde , olaryň bilim ulgamyndaky açyşlary barada geçirilýän birnäçe çäreler hem muňa mysal bolup biler. Ýaş nesil bilen durmuşy, işewürligi, gurujylygy hem- de bagtyýarlygy bir ara getirip, onuň hözürini görmek ynsanyň ömrüni bezeýär.hut şol sebäpli-de ýurdumyzda ýaşlaryň öňe gitmegi üçin, olaryň gelejekde ýurdumyza, döwletimize peýdaly adam bolup ýetişmekleri üçin uly- uly aladalar edilýär.
Olaryň bilim almaklary üçin, üstünlik gazanmaklary üçin, jemgyýetde öz orunlaryny tapmaklary üçin uly aladalar edilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň ösüşlerinde ýaş ýürekleriň joşgunyny öňe çykarýan uly mümkinçiliklere mysallardyr.
Häzirki döwürde oalryň bilimli, ylymly, ugurtapyjy hünärmenler bolmaklary üçin dürli okuw jaýlarynda okamaga, bilim almaga doly mümkinçilikleri bar. Dünýäniň nijeme ýurtlarynda bilim alyp, dürli hünärler öwrenip, tejribe topalamak bilen , dünýä tejribesini öwrenmek bilen birlikde öz ýurdumyzda hem bilim alýan ýaşalryň özara gatnaşyklary, olaryň okuwlaryndaky tejribeçilik işlerini öňe gidirmekleri üçin bilim ulgamynda döredilýän mümkinçilikler hem ylymly ýaşlaryň köpelmegine özüniň täsirini ýetirýär.Ylym binýatly döredijilgi ýaşlaryň ylmy gözlegleri her bir döwrüň açyşlaryna basgançakdyr.
Olaryň döredijiliginiň hem-de açyşlarynyň, ylmy nukdaýnazarlarynyň bilim öwrenip, täze manylaryň, mazmunlaryň üstüni açyp, ylmy çaklamalar bilen öz döredijiliklerini subut etmäge bolsa, dürli mümkinçilikler döredilýär.Ýaşlary dogry ýola gönükdirmek, gelejekde olaryň gurjak maşgalasyna, gurjak abraýyna, watany, il- güni, ýakynlary üçin etjek işlerinde goltgy bolmak bolsa, elbetde uly nesliň paýyna düşýär.ýaş nesilleriň ýurdumyzda edýän açyşlary, ylmy çaklamalarydyr, döredijilikli çemeleşip, döredýän täzelikleri, innowasiýon ösüşlerde hem beýanyny tapýar. Bu iki gudratly güýji bir- birinden aýyrmak mümkin däl. Olaryň ikisi bir- birini doldurýan, bir- birine gudratly güýç berýän zatlardyr. Ilkinji bilim sungaty nirede döräpdir diýilen soraga elbetde “folklorlarda” diýip, arkaýyn jogap berip bolar. Çünki folklor dünýäsindäki jadyly güýçler, olardaky şekiller başlangyç mekdeplerden öň hem edebi, terbiýäni hem- de şol bilim terbiýesiniň üsti bilen sungaty şekillendirmäge kömek edipdir.
Türkmen halky hem edil beýleki halklar ýaly, körpe nesle bilim bermegi, özi hem sungatyň üsti bilen beýan edip bilim bermegi kiçilikden başlaýar. Şol ertekileriň, folklorlaryň, gadymy aýtgylaryň üsti bilen körpeleriň ruhuny baýlaşdyrýar we olaryň gelejege taýýarlygyny saglaýar. Bilim dünýäsi bilen sungat garylyp, täze bir işi dünýä getireninde halk arasyndaky folklor edebiýaty bilimli, sowatly edip, edebiýatyň üsti bilen körpeleriň aňynda beýan edeninde iki güýç birleşýär.
Halk ertekileri we rowaýatlary jemgyýetde terbiýeçilik, wagty
boş geçirmezlik, diňleýjileriň içini gysdyrman, olary gyzyklandyryp
güýmemek maksatlary üçin gürrüň berlipdir, emma mifleri döreden
taýpalar, halklar olara hakykat hökmünde ynanypdyrlar. Hakykatynda mifler dünýäsi ertekilerde, milli aýratynlyk ýaly, gahrymanyň söweşýän jandarlarynyň keşbinde ýa- da haýsydyr bir tebigy güýçleriň keşbinde körpe nesilleriň aňynda watançylyk, ar- namys duýgularyny hem oýarmaga mümkinçilik döredipdir. Şeýle miflerher bir halkyň folklor dünýäsinde bolşy ýaly, gadym döwürlerde türkmen halkynyň arasynda-da bolupdyr.
Meselem,Ýeri öküziň göterip durýandygy ýada Burkut babanyň ýagyş ýagdyrýandygy, güýçlerden goraýandygy, adamlara, haýwanlara güýç, sagdynlyk we abadançylyk berýändigi baradaky mifler, ynançlar bolupdyr. Bu täsin şekiller körpe nesilde duýgulary terbiýelemäge kömek edipdir. Soň-soňlar bolsa, teatr we beýleki sungatlaryň üsti bilen adamlar sungata bilim arkaly ýakynlaşypdyrlar. Soň özlerine hünär edip almagy başarypdyrlar. Ilkibada mifler biri-birine gapmagarşylykly äheňde bolupdyrlar, sebäbi her bir taýpa we her bir medeniýet merkezi hudaýlar we gahrymanlar barada öz düşünjelerini beýan edipdir. Aslynda bilimiň üsti bilen sungat bagyny saklamagy başarýan iki daragtyň aýry şahalarda şol bir miwäni getirmegi her bir döwürde- de halanylan zat- sungat bolupdyr. Şol ikisinden dörän gudratly güýjüň öňünde durup biljek başga bir zat bolmany sebäpli- de adamzat öz döreden gahrymanlaryndan döredilen sungat eserlerini asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçirip, biziň bu günlerimize çenli saklap gelipdirler.
Beýik filosofiýalar dünýä edebiýatynyň iň gözel eserleriniň zynjyryny düzýär. Käbir awtor ýazyjy – filosof hökmünde örän meşhurdyr, käbirleri bolsa, dünýä medeniýetine diňe filosofiýa ylmy bilen tanalýar. Hat-da Nisshe ýaly beýik awtorlaryň döredijiligine diňe filosofiýanyň çäklerindäki ýazyjy diýmek hem boljak. Edil şeýle ýazyjylardan bolan beýik Firdösi bolsa, ykbal öwrümelrini ýazyjylyga baglanyndna so esasy ýoluny beýik ruhy atalardan nusga alandyr. Onuň dünýä medeniýetinde hem –de edebiýatynda yz goýan beýik eserleriniň biri hem “Şanama”atly eseridir. Onuň döredijiliginiň agramly bölegini öz ady bilen şöhratlandyran eserler hakdynda aýdylanynda bu eseriň ölmze- ýitmezligini gazanmasy eseriň wajyplygyndna hem-de onuň gözelliginden gelip çykýar. Häzirki zaman edebiýatyna nusga hökmünde , ýazylyş stili bilen tapawutlanýan, uly çepeçilik ussatlygy bilen beýan etýän Eýran-Täjik halk eposynyň ajaýyp nusgasydyr.Gündogar edebiýatynyň beýik wekilleri halkyň aň- düşünjesine öz täsirini ýetirmek bilen halkyň ruhy hazynasyna öz goşandyny goşýar.
Eseriň muşdaklary bolsa, şol eseriň içindäki eser mazmuny bilen filosofik pikirleriň gözelligine uly dereje berilmegine şaýatlyk edendir.Çünki eserde ady geçýän beýik – beýik şalaryň öz ýaşan ömründe görkezen gahrymançylykly hereketleri bilen bileikde eser mazmunyny dünýä edebiýatynda ep- esli artdyrandyr.Muny türkmen alymlarynyň ürç edip öwrenmegi bolsa, bu günki günde onuň adamzat ähmiýetli işlerde ýokary dereje berilmeli gymmatlykdygyny subut etmesidir.Eserde syrly ynsan dünýäsiniň gizlin gapylaryny açmakda beýik döredijilik işidigini subut etmäge dyrjaşýan adamlaryň köplüginden hem bellidir. Awtoryň beýleki eserleri bilen birlikde döredijilik tematikasyna has ýygjam ýüzlenilmegi bolsa, eseriň wajyplygyndan gelip çykýar. Edebiýat biliminiň biziň durmuşymyzdaky orny üýtgeşikdir.Elbetde bu ugurda her näme- de bolsa,eseriň bakylygyny subut edýän pikirler , ykbal öwrümlerini özboluşly filosofik nukdaýnazardan täzelemegi, eseriň bu günki gün has wajyp rol oýnaýandygyndan gelip çykmasydyr. Ynsan ýaşaýyşlarynyň beýik muhabbetinden emele gelen eserde ýokary hilli ynsan gatnaşyklarynyň gymmaty, şol gymmatlykalra bolan nazarýetiň waspy we şol waspa alymalryň berýän bahasynyň ýokarydygyndna hem bellidir. Söweş wakalarynyň beýanynyň derejeli waspy bolsa, eseriň gymmatyny artdyrýar. Sarpaly döredijiligiň ussady biziň bu günki günlerimize çenli gelip ýeten , öz taryhymyzy öwrenmekde we dünýä medeniýetini öwrenmekde uly yz goýan şahylaryň bu günki gün hem ürç edip öwrenilmesi bizi buýsandyrýar. Türkmen edebiýatynda döredijilik gatnaşyklary bilen meşhur bolan şahyrlaryň içinde iň tanymaly hem oldur. Eseriň gymmaty häzirki günlerimizde hem dolylygy bilen öwreilýär.Eseriň gymmatly taryhy hem-de özboluşly dürdänedigi hakynda gaýtalamagyň hajaty ýok. Çünki bu günki gün dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girmegi bilen özboluşly ýer alan, edebiýatda baky galan eser hakda aýtmaga zat kän.Asyrlaryň jümmüşinden gelen edebi eserleriň baky bir nokatda durmagy bolsa, eser aýratynlyklarynda , okyjylaryň söýgüsini gazanmakda ýüze çykýar.
Ýurdumyzda 2024-nji ýyla “Pähim – paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” – diýip, at berilmesi hem biziň ýurdumyzda edebiýata hem-de söze gadyr goýulmasynyň we şahsyýetlerimize sylag- hormatyň ýaşlar tarapyndan ýokary göterilmesi hem-de olaryň gelejegine we ýurdumyzyň ösüşlerindäki olaryň üstünliklerine aýratyn baha berilmesidir. Biziň ýurdumyz ylymlaryň, bilimleriň edebiýatyň mekany, biz bolsa döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, öz bilimimizi artdyrmakda elimizden gelenini ederis. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Türkmen Halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Sabirowa Gözel,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.