Enar gibi täk görnerin
Içim pikir däne-däne
Öñ ýanymda bolanlaryñ
Bugün köpüsi bigäne
—
Dert etmerin şükür,oñat
Köp ýykyldym,özüm turdum
Bökdençlerden käte ýadap
Hyýalda kän arzuw gurdum
—
Ýakynlamyñ bar ýerinde
Başym dikdir,dertler uzak
Durmuş atly ýola düşüp
Bagtdan çatma gursam boljak!
—
Söýülmek-Bagt.Söýgi gözel
(Oña duşup göz ýetirdim…)
Öñ köp döken gözýaşlamdan
Bagtyñ çorbasyn atardym
—
Şowly,şowsuz kä pursatlar
Bir-birek bilen ýaryşýar
Ýüzüm gülmegniñ sebäbi
Öýmüzde ejem garaşýar!
Bilbil Öwezowa
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niñ GDE fakultetiniñ 5-nji ýyl talyby