GlobalPetrolPrices saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistan 2019-njy ýylyň jemleri boýunça dünýäde benziniň iň arzan ýurtlarynyň hatarynda ilkinji onluga girdi.

A-95 benziniň $0.43 bahasy bilen dünýäde sekizinji ýerde durýan Türkmenistanyň yzyndan $0.46 bilen Gazagystan, $0.47 bilen Azerbaýjan gelýär. Bu üç ýurt GDA ýurtlary boýunça ilkinji üçlügi düzýär.

“Dünýäde benziniň bir litriniň ortaça bahasy 1.12 ABŞ dollary boldy” diýip, “GlobalPetrolPrices” habar berýär. Sanawyň başyny 0.001 ABŞ dollary bilen Wenesuela çekýär. Ýangyjy iň gymmat bahadan sarp ediji Gonkongdyr. Bu ýeriň sarp edijileri benziniň litrine 2.32 ABŞ dollaryny töleýär.