Eýranyň hökümeti ýurduň ýadro maksatnamasyny çäklendirmek boýunça halkara ylalaşygynyň şertlerini mundan beýläk berjaý etmejekdiklerini, hususan-da, urany işjeňleşdirmek üçin sentrifuglaryň sanyna bolan çäklendirmäni saklamajakdyklaryny beýan etdiler. Bu çözgüt Yrakda general Kasem Suleýmani öldürilenden soňra kabul edildi. Häzirki wagtda Eýranda onuň bilen hoşlaşmak çäresi geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, GFR-iň, Fransiýanyň we Beýik Britaniýanyň liderleri Tährany ýadro ylalaşygynyň şertlerini bozmazlyga çagyrýarlar. «Biz Eýrany ýadro ylalaşygyna laýyk gelmeýän hereketleri etmekden saklanmaga çagyrýarys» – diýlip, GFR-iň Ministrler Kabineti tarapyndan ýaýradylan bilelikdäki beýanatda bellenilýär.