Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özboluşly aýratynlygynyň biri-de, çuňňur mana ýugrulan çeper goşgularynyň adamzada mahsus bolan gylyk-häsiýetleri özünde jemleýänligindedir. Hut şol sebäpli hem, şahyryň şygyrlary dünýä halklarynda aýdyma öwrülip, meşhurlyga eýe boldy. Munuň özi şahyryň halkara derejesinde abraý-mertebesiniň artmagyna uly itergi berýän aňrybaş artykmaçlykdyr.

Magtymguly Pyragy öz döwrüniň öňe sü­ren ýiti meseleleriniň oňyn çözgüdini gözläp, durmuşda bolýan nogsanlyklary, olaryň pajygaly netijelerini ýürek hesreti bilen berk ýazgarypdyr. Türkmenleriň bir döwlete birik­mek, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşaşmak garaýyşy şahyryň eserleriniň süňňüne ornaşypdyr.

Watançy şahyr Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär.

Ata Watanymyzda gazanylýan şanly ösüşler, her günki ýetilýän belent sepgitler hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler bolsa biziň esasy ruhy gönezligimiz we ylham çeşmämizdir.

Aýbölek Baýarowa Dädebaýewna.

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ 3- nji ýyl talyby.