Endokrinolog-iýmitleniş hünärmeni M. Skibitskaýa bilen geçirilen söhbetdeşlikde deriniň daşky görnüşini gowulaşdyryp biljek önümleri sanap geçdi.

Ol ilki bilen gök önümlerini köp iýmegi maslahat berdi. Olar düzüminde A, B, C witaminleri şeýle hem flawonoidleri saklaýar. Olaryň kömegi bilen deri öýjükleri kadaly işleýär we täzelenýär diýip lukman belläp geçdi.

Mundan başga-da, brokkolini wagtal-wagtal tükedilmelidigini aýtdy. Brokkoliniň düzüminde dindolilmetan bar ol bolsa deride düwürtikleriň döremeginiň öňüni alýar.

Ýene bir sanalyp geçilen önümleriň biri hem ysmanakdyr.

Skibitskaýa käşir iýmegi hem maslahat berýär, käşir beta-karotini öz içine alýar, bu bolsa deri üçin örän möhüm hasaplanylýar.

Amanowa Aýbölek

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň

    3-nji ýyl talyby