Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzyň ykdysady ösüşiniň ýokary depginde amal edilmeginde bank ulgamynyň tutýan orny uludyr. Çünki ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň we berilýän karzlaryň kömegi bilen ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň arasynda sazlaşykly ösüş, şeýle hem önümçiligiň üznüksizligi, haryt bolçulygynyň döredilmegi we kadaly pul dolanyşygy üpjün edilýär. Bank karzy beýleki ykdysady gurallar bilen deňeşdirilende has işjeň we netijelidir. Şoňa göräde, Türkmenistanyň banklary dürli görnüşli bank karzlaryny bermekde işleri giň gerimde alyp barýarlar.

Bank tarapyndan müşderileri karzlaşdyrmagyň aýratynlygy bolsa, her bir karz geleşiginiň şertnamalaýyn häsiýete eýe bolup durýanlygyndadyr. Karz şertnamasy karz geleşigini düzgünleşdirýän hukuk resminamasy bolup durýar. Onuň ähli şertleri baglaşan taraplar üçin hökmany ýerine ýetirilmäge degişlidir. Karz şertnamasynda göz öňünde tutulýan ykdysady we hukuk gatnaşyklarynyň mazmuny hereket edýän kanunçylyk namalar esasynda kesgitlenilýär. Karz şertnamasynyň hukuk taýdan dogry resmileşdirilmegi bankyň we müşderiniň işe ukyplylygyny hem-de olaryň karz gatnaşyklaryndaky jogapkärçiligini artdyrýar.

Karz şertnamasynyň meýletin baglaşylmagy müşderiniň karz almak üçin banky erkin özbaşdak saýlap alýandygyny, şeýle hem bankyň ol müşderi bilen karz gatnaşyklaryna girişmek mümkinçiligi hakyndaky meseläni çözýänligini aňladýar. Iki tarap hem karz boýunça şertnamalaýyn gatnaşyklara erkin isleg bildirip girişýärler. Bank hyzmatlarynyň içinde karz kartlarynyň bazarynyň geljegi has uly hasap edilýär. Adaty karz karty zähmet hakynda goşmaça resmileşdirip, öz-özünden karzlaşdyrylma, bank tarapyndan goşmaça hereketsiz amala aşyrylýar. Ilata hödürlenilýän belli bir çäkde karzlaşdyrylýan bank kartlary bütin dünýäde hereket edýän halkara hasaplaşyk ulgamynyň VISA International, Master Card Europe ýaly kartlarydyr. Şu bank kartlary bilen islendik ýurduň söwdä nokadynda haryt we hyzmat üçin töleg geçirip bolýar.

Karz alnan aýdan indiki aýyň soňky gününe çenli gijä galman, ol yzyna gaýtarylmalydyr. Karz we oňa hasaplanan göterim bank tarapyndan bank kartyna serişdäniň düşen badyna, awtomatik usulda alynýar. Müşderiniň harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmeklerinden başga-da, olara kartda öz hususy serişdelerini saklamaga hem-de zähmet hakyny ýa-da, başga islendik hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçiligi döredilýär. Karz kartyny resmileşdirmek üçin müşderiniň banka ýüz tutmagy we hemişe işleýän ýeriniň bolmagy hökmanydyr. Müşderileri höweslendirmek maksady bilen, bankyň öňünde öz borçnamalaryny wagtynda dogry we doly ýerine ýetiren ýagdaýynda, ýyl-ýyldan olaryň karzynyň möçberini köpeltmek ýa-da pes göterimden bermek ýaly aýratynlyklar bank tarapyndan girizilip bilner. “Karz edaralary we bank isi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanda bank işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär. Kanun Türkmenistanyň bank ulgamynyň netijeli işlemegine gönükdirilendir. Bu Kanunda karz edarasynyň döredilmegi, üýtgedilip gurulmagy, işini bes etmegi we ýatyrylmagy, karz edarasynyň maýasy, karz edarasynyň işini düzgünleşdirmek, karz edaralarynyň we olaryň müşderileriniň özara gatnaşyklary, Türkmenistanda süýşürintgi işi, karz edaralarynda hasaba alyş we hasabatlylyk barada kadalar giňden bellenilendir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy namalaryna we Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda, bankyň karz bermek baradaky düzgünnamasy esasynda edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere bank karzlary berilýär. Edara görnüşli tarap bolan müşderi karz almak üçin islendik banka ýüz tutmak hukugyna eýedir.

Maksatnamada bank ulgamyny tapgyrlaýyn ösdürmek boýunça esasy öňde goýlan wezipeleriň biri hem bank ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegidir. Bu ugurda häzirki wagtda belli bir işler ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wezipeleriniň biri hem Türkmenistanyň kanunçylygyna we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda Türkmenistanda bellige alnan karz edaralarynda buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylyk ulgamlarynyň kadalaşdyrylmagyny amala aşyrýar diýip bellenilendir. Şeýle-de, “Pul birligi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynda beýan edilen düzgünler “Türkmenistanyň Merkezi banky hakyndaky” täze kanuna goşuldy.

Aýsenem Őwezgulyÿewa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Aýna MUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Maliýe kafedrasynyň mugallymy.