Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylýan ýylynda Ata Watanymyz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan birnäçe ajaýyp işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň sarsmaz binýadyny halallykdan guran, halkyny yhlas bilen agzybirlikde, parahatçylykda bir saçaga jem eden Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.
Türkmen halkynyň beýik şahyry, saz ussady Magtymguly Pyragy “Berkarar döwlet istärin” diýip pedagog hökmünde her bir türkmeniň kalbynda özbaşdak hem parahat, agzybir, deň hukukly, ruhy-ahlak taýdan baý, gowy gylyk-häsiýetli bolmak üçin bar bolan ukybyny, zehinini sarp edipdir. Türkmen halkynyň bagtly geljegine, Garaşsyz Diýar boljagyna ýüregi bilen ynanypdyr. Türkmen topragynyň her bir ädim ýerini, gözel tebigatyny, dagyny-düzüni gözüniň röwşen görejine deňäp Magtymguly Pyragy özüniň her bir sözlerinde Watanymyzy söýmäge ýaş nesillerde uly höwes döredipdir.
Magtymgulynyň pedagogiki garaýyşlarynda hem watançylyk terbiýesi esasy orunda durýar. Ol özüniň her bir setirlerinde nesillerde Ata Watana ene topraga hakyky, ýürekden çykan söýgini döretmek üçin uly güýç sarp edipdir. Jeýhun bilen Bahry-Hazar asalygynda uzalyp ýatan türkmen Diýaryny, onuň mukaddesligini gözelligini, halkyny wasp edipdir. Watanda ýaşaýan il ogullaryny mertlige, gaýduwsyzlyga, arly-namysly bolmaklyga çaşyrypdyr, mert ýigitleri namart, gorkak, binamys adamlardan has ýokarda goýupdyr.
Magtymguly Pyragy öz eserlerinde hemişe köňülleriň birligini, aşlaryň bir suprada taýýarlanmagyny arzuw edipdir. Eger şeýle bolanda “Göteriler, ol ykbaly türkmeniň” diýip aýdyp geçipdir. Mugallymlara çagalary terbiýelemekde uly gollanma bolup durýan akyldar şahyryň her bir goşgy setirleri ýaş nesillerde gowy gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde, olary hünäre ugrukdyrmakda, mynasyp nesil edip ýetişdirmekde terbiýeçilik ähmiýeti öran uludyr.
Magtymguly Pyragy ylym-bilen öwrenmekde, edep-terbiýe bermekde tejribesi ýetik, şonuň üçin hem adamy öwrenmekde, onuň içki dünýäsine aralaşmaklygyň zerurlygy, ynsan ömrüni ýaş aýratynlygy boýunça parhlandyrmak üçin öz goşgularynda çaganyň ösüşiniň ýaş tapgyrlaryna üns beren akyldardyr. Onuň adamyň düşbiligini, ugurtapyjylygyny, özbaşdak pikirlenip bilmek ukybyny osdürmäge gönükdirýän tapmaça häsiýetli eserleri çagalary terbiýelemekde has gymmatlydyr.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçiriljek “Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek boýunça bäsleşigiň yglan edilmegi hem Watanymyzyň bagtyýar nesilleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan uly alada bilen gurşalýandygynyň güwänamasydyr.
Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň baý söz dürlerinden doly mirasyndan ruhlanyp, çagalary ruhy taýdan ganatlandyrmakda, olarda watançylyk duýgusyny ösdürmekde, döredijilik bilen meşgullanyp sungata sarpa goýmaga, surat çekmäge höwes döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Firuza Dosçanowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby