Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda milli sungatymyza uly sarpa goýulýar, oňa degişli maglumatlary düýpli öwrenmekde, wagyz edip halka ýetirmekde uly işler alnyp barylýar. Türkmen jemgyýetiň ruhy dünýäsini, döredijilik taýdan pikir ýöredip bilýän milli ussatlary kemala getirmek möhüm şert bolup öňe çykýar. Watanymyzda türkmen şekillendiriş sungatynda uly yz galdyran medeniýet we sungat işgärleriniň sarpasy belentden tutulýar.
Ine bu günki günde hem şeýle mümkinçilikden peýdalanyp biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýamyzyň sergiler jaýynda ýurdumyzyň gözelliklerini öz sungat eserlerine ussatlyk bilen siňdirip bilýän suratkeşleriniň biri hem Türkmenistanyň sungatynda at gazanan işgäri, Kamil Weliahmedowyň “Kämil reňleriň dünýäsi” atly döredijilik eserleriniň sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Ýaşyna garamazdan şekillendiriş sungatyna jany-teni bilen yhlas eden suratkeş döredijilik dünýäsine adaty adamlardan başgaça garaýar. Onuň dünýä garaýşynyň täsinligini ýerine ýetiren nakgaş eserlerinde hem döwrebap akymlary bolan modernizm, ekspressionizm, impressionizm akymlarynda görmek bolýar. Muňa mysal edip, “Aýly agşam”, “Bahar”, “Amyderýa”, “Abstraksiýa”, “Köýten”, “Bathyz”, “Duzly depe”, “Güýz”, “Günebakar”, “Gelin”, “Dynç güni”, “Seýit Jemaleddin” ýaly nakgaş eserleri diýseň ajaýyp, şöhleli reňk öwüşginlerinde ýazmagy başarypdyr. Hakyky bolup geçýän wakany, pursady tutmagy başarypdyr. Bu serginiň esasy maksady, ýaş suratkeş talyplar üçin gysgajyk sapak hökmünde we şol eserlerden ugur alyp, tomusgy tejribelik sagatlarynda gowy netijeleri gazanmaklary üçin niýet edildi. Suratkeşiň üýtgeşik dünýägaraýşy, täsin öwüşginli reňkleri, onuň ýazylyş, çekiliş usuly her bir tomaşaçynyň ünsini sowdy.
Suratkeş Kamil Weliahmedowa gelijekki ýyllarda-da, şular ýaly gyzykly we özüne çekiji işleriniň höwrüniň köp bolmagyny, janynyň sag bolmagyny arzuw edýäris. Galamynyň bady hemişe batlanyp dursun.
BAHAR Magtymowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy