Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň özbaşdaklygynyň, jemgyýetimiziň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň nyşany bolan Döwlet baýdagynyň gününi belleýär. Ählihalk baýramçylygyna bagyşlanan esasy çäreler paýtagtymyzda geçirildi. Bu ýerde ýola goýlan däbe görä, ýurdumyzyň Baş baýdagynyň etegine gül goýmak dabarasy boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda asmanymyzda buýsanç bilen pasyrdaýan Watanymyzyň ýaşyl Tugy türkmenleriň döwletlilik barada asyrlardan bäri edip gelen arzuwynyň hasyl bolmagydyr, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň esaslarynyň mizemezdiginiň, jebis halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, yesanperwerlik we hoşniýetlilik maksatlaryna hemişe ygrarlydygynyň alamatydyr.
Türkmenler öz baýdagyna hemişe aýawly garapdyrlar. Milli taryhymyzda çuňňur köklere eýe bolan mukaddes Tug halkyň özygtyýarly, özbaşdak döwlet ösüşine, syýasy taýdan öz-özüňi kesgitlemäge hem-de öz durmuş-ykdysady nusgasyna bolan hukugyny alamatlandyrýar.
Taganow Ahmet
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 4-nji ýyl talyby