Häzirki wagtda döwrüň ösen innowasion tehnologiýasyna, öňdebaryjy okuw maksatnamalaryna daýanýan sanly bilim ulgamyny döretmekdäki baş maksat eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara ýokary hilli bilim berip, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleridir. Ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmegiň esasy şerti bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi bolup durýar. Hut şu möhüm wezipeden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ähli basgançaklary zerur okuw şertleri, tehnologiýalar ulgamy bilen üpjün edilýär.
Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym, bilim almagyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem batly depginler bilen alnyp barylýar. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edilen şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň mysalynda hem anyk göz ýetirmek bolýar. Hasabatlardan mälim bolşy ýaly, degişli döwürde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary bilim işinde giňden ulanyldy.
«Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ylym-bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we bilimiň netijeliligini artyrmak göz öňünde tutulýar.
Sanly tehnologiýalaryň bilim dolandyryşyny üýtgetmeginiň iň täsirli usullaryndan biri administratiw meseleleri ýönekeýleşdirmekdir. Ýagny kagyz resminamalarynyň azaldylyp sanly resminama dolanşygyna geçmekden ybarat. Bu ugurda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barha artýar. Muňa mysal edip ähli döwlet edaralarynyň resmi saýtynyň bolmaklygy, raýatlar üçin maglumatlary çalt we elýeterli almaklyga, şeýle-de okyjylar üçin online metbugat portallarynyň sanynyň artýandygyny agzamak bolar.
Mundan başga-da häzirki wagtda ýurdumyzyň kitaphanalarynda elektron kitaplaryň baý gorunyň jemlenmegi, ýaş nesilleriň kompýuter we beýleki tehnologiýalardan baş çykarmaklary, bu ugurda edilýän mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylýandygyndan nyşandyr. Sebäbi biziň geljekki durmuşymyz tehnologiýa bilen baglanşyklydyr.
Sanly tehnologiýalaryň barha artýanlygy sebäpli bilimiň keşbi düýpli özgerişleri başdan geçirýär. Bu gurallar mekdep okuwçylaryň öwreniş usullaryny üýtgetmek bilen çäklenmän, bilim edaralarynyň dolandyrylyşyny hem üýtgedýär. Ýurdumyzda elektron mekdep (e-mekdep) ulgamynyň ornaşdyrylmagy orta mekdeplerde mugallymlar we ýolbaşçylaryň işini ýeňilleşdirip, mekdep bilen ene-atalary birikdirýän sada we goragly ulgam bolup hyzmat edýär.
Netijelilik gazanmakdan başga, sanly tehnologiýalar okuwçylar üçin okuw tejribesini hem ösdürýär. Bilim programmalary, onlaýn okuw platformalary we sanly çeşmeleriň köpüsine girmek bilime has ýakyn çemeleşmäge mümkinçilik berýär.
Hakmyrat BEKMYRADOW,