Meýnfreým (iňl. Mainframe, rus. Мэйнфрейм). Bu uly möçberdäki maglumatlary işläp bilýän we bir wagtda birnäçe müň ulanyjylaryň talaplaryny ýerine ýetirip bilýän, ýokary işjeň we uly hasaplaýyş mümkinçiligi bolan kompýuter. Daş görnüşi boýunça meýnfreým uly ulgamlaýyn binaly we oňa birikdirilen terminallardan düzülen kompýuterdir. Meýnefreýmiň bahasy özgelere garanyňda ýokary we programmalar toplumy bilen bir kompýuter takmynan million dollar möçberinde bahalanýar. Meýnfreýmleriň ulanylyşynyň mysaly hökmünde uçarlara we demir ýol ulaglaryna merkezleşdirilen tertipde petekleriň satuwynyň gurnalyşy bolup biler. Meýnfreýmler ykdysady, maliýe we beýleki pudaklarda ulanylýar. Meýnfreýmleriň köpüsini IBM kompaniýasy öndürýär.

Terminal (rus. Терминал) – merkezleşdirilen hasaplaýyş ulgamynyň bölegi bolup, ol, adatça, monitordan we klawiaturadan ybarat enjam.

Superkompýuter (rus. Суперкомпьютер) – kyn, çylşyrymly mysallary hasaplaýan, asmandaky ýyldyzlaryň 43 ýa-da galaktikalaryň koordinatalaryny anyklaýan, howa üýtgeşmeleriniň modellerini, nebitiň we gazyň döreýiş ýerleriniň kartasyny çyzýan uly kompýuter.

Ykdysadyýetde maglumat ulgamlarynyň we tehnologiýalarynyň tehniki serişdeleriniň apparat üpjünçiligi (iňl. Hardware, rus. Аппаратноеобеспечение) – bu kompýuter ulgamynyň işlemekligi üçin

gerek bolan tehniki serişdeleriň toplumy bolup, oňa kompýuteriň özi, çetki enjamlar, terminallar, aragatnaşyk enjamlary we kompýuter ulgamy bilen bagly bolan başga enjamlar girýär. Başga söz bilen aýdylanda, bular göz bilen görüp, el bilen tutup bolýan serişdelerdir, ýagny kompýuteri düzýän bölekler bolan printer, modem, monitor, klawiatura ýa-da şulara meňzeş beýleki enjamlardyr. Apparat üpjünçiliginiň işini programma üpjünçiligi dolandyrýar.

Personal kompýuterleriň huşy ýa-da ýatda saklaýan gurluşy maglumatlary ýatda saklamak üçin niýetlenilendir. Ýatda saklaýan gurluşyň esasy ýerine ýetirýän işi maglumatlary okamak we ýazmakdyr. Ýadyň iň wajyp häsiýetnamasy onuň sygymy we oňa girmäge bolan wagtdyr. Operatiw ýadyň ýatda saklaýjy elementi hökmünde häzirki wagtda uly integral mikroshemalar ulanylýar.

Orazjemal JUMAMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weterinar lukamançylygy fakultetiniň,
Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 5-nji ýyl talyby.