Ýurdumyzyň ykdysady ugurlarynyň gün geldikçe ösmegi bilen bilrikde biziň türkmen topragymyzyň Hydyr gören toprakdygy asyrlardan bäri Gündogar edebiýatynda hem-de umumy taryhy çeşmelerde bellenip geçilýär. Munuň özi bereketli topragymyzda ýaşaýn gün geldikçe öz ösüşlerinde ýokary hilli netije gazanýan halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşýar. Nebit gaz ulgamynda komputerler bilen baglanşykly işleri amala aşyrmakda edilýän işleriň has ýokarlandyrmagy bolsa, bizi ýaş nesil hökmünde öňkülerden hem has uly üstünliklere ýetmäge mümkinçilik döredýär. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlarynyň dünýä ýaýramagy bolsa, halkara abraýyny artdyrýan bu ulgam-da edilýän işleriň mazmunyny tassyklaýar. Häzirki zaman tehnologiýalar eýýämi üstünliklere uzaýan adamzada köp zatlar babatynda ýeňillikler döretmek bilen bilelikde , üstünligiň açary bolan komputer tehnologiýasynyň gazananlaryny durmuşa geçirmekde , şeýle hem häzirki zaman işewürlik proseslerini durmuşa ornaşdyrmakda komputerleri iň bir uly hyzmat beriji gural hökmünde ulanýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylbirnäçe işleriň nebit we gaz pudaklarynda amala aşyrylmagy biziň buýsanjymyzy öňküsinden hem artdyrdy. Şol bir wagtyň özünde ykdysady toplumlarda hem bolup geçýän täzelikler türkmen diýarynyň ykdysady üstünlikleriniň naýbaşysy bolan nebit we gaz ulgamy- da dünýä ykdysadyýetinde halkara abraýa eýe bolýar.
Häzirki döwürde sanly ykdysadyýetiň bu ösüşlerdäki orny bahasyna ýetip bolmajak mümkiçilikleri giňeltmegi bizi bu ulgamyň hünärmeni hökmünde buýsandyrýar. Nebit we gaz ulgamy- da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri bir- birege goňşuçylyk gatnaşyklarynda kömek etmek, ýardam bermek hem-de bir-birek bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak esasynda ýaşaýar. Türkmen halky hem goňşy döwletler bilen halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen birlikde, ynsanperwer we hoşniýetlilik gatnaşyklarynda hem dünýä ýüzüne görelde görkezýär. Nebit –gaz ulgamynda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de ilerlemesinde gahryman Arkadagymyzyň görelde mekdebiniň bardygyny subut etdi.Nebit we gaz ulgamy- da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň göreldeli mekdebinden ruhlanyp, ýol ýörelge baýdak edinen Arkadagly Serdarymyz hem-de ýurdumyzyň ýaşlary hem bu günlerki günde ýurdumyzyň gelejegini ýokary götermek biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri bir- birege goňşuçylyk gatnaşyklarynda kömek etmek, ýardam bermek hem-de bir-birek bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak esasynda ýaşaýar. Türkmen halky hem goňşy döwletler bilen birek- biregi goldamak we bir –birege sarpa goýmak endikleri türkmne halkynyň ganynda bar. Munuň özi körpe nesillerimize hem belent nusgasyny görkezmekde uly görelde mekdebi bolmaga mümkinçilikler döredýär.
Dostana döwlet hökmünde ýurdumyz öňküsinden has hem ösýär. Logistik ugurlaryň hem- de ýollaryň esasy ugry söwda aragatnaşykalryny ýola goýmakdyr. Ýurdumyzyň nebit we gaz ulgamynyň hünärmenleri halkymyza hyzmat edýär.Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen halkymyz hakda edýän aladalaryndan ugur alyp,nebit- gaz ulgamynyň hem aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek, ol ulgamdaky hünärmenler dünýäniň halkara nebit we gaz kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen bäsleşýärler.Nebit we gaz ulgamynda komputer tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda zähmet çekýän raýatlaryň işlerini ýeňilldirdi we ýaş nesle goltgy boldy. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň göreldeli mekdebinden ruhlanyp, ýol ýörelge baýdak edinen Arkadagly Serdarymyz hem-de ýurdumyzyň ýaşlary hem bu günlerki günde ýurdumyzyň gelejegini ýokary götermek üçin Milli Liderimiziň hem -de Arkadagly Serdarymyzyň daşyna jem bolup, zähmet çekýärler.Bu günki gün halkymyzy baky bagta ýetiren, eşretli durmuşda ýaşamaga mümkinçilik döredýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys, goý olaryň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Altyýew Amanmyrat,
 Türkmenistanyň  Telekomunikasiýa we informatika institutynyň  talyby.