Dünýäniň ýüzünde häzirki zaman tehnologiýalaryna salgylanýan nijeme mobil bazarlarynyň bolmagy bizi günümizde ilkinji nobatda täzeçe ýaşaýyşda netijelendirýän üstünlikli işlere ugrukdyrýar. Her bir zamanda gerekligini ýitirmeýän we häzirki zaman ösüş, innowasiýalar gudratynyň bir çogdamy bolan mobil bazarynyň talabalaýyk işler bilen ösüşlre, ykdysady üstünliklere äkitmesi bolsa bu günki gün sanly ulgamyň biziň ýurdumyzda hem iň ýokary derejelere barandygyna şaýatlyk edýär. Mobil internediniň , internet söwda ulgamynyň üstünlikleri Hytaýyň ösüşleriniň iň iri basgançaklarynyň biridir. Söwda ykdysady alyş- çalyşyk boldy. Halkymyza her bir işiň elýeterli bolmagy üçin uly işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda sanly aragatnaşygy ýola goýmakda , täze usullara ýüzlenilýär. Häzirki zaman töleg terminallarynyň kart ulgamy arkaly amala aşyrylmagy häzriki zaman täze ösüşlere badalga bolan täzelikleriň üstüni açýar. Mobil bazarlarynyň üsti bilen tölegleriň hem-de söwda işleriniň ýerine ýetirilmesi häzirki zaman tehnologiýalar eýýäminde ilnkiji nobatda çar ýandan gelýän habar ulgamynyň üsti bilen hem-de ykdysadyýetde, hem –de beýleki ugurlarda ösüşleri goldaýar.Smortfon arkaly töleg ýörüte töleg terminallarynyň üsti bilen amala aşyrylýar hem-de häzirki günlerde ýurdumyzda sanlaşdyrylan edara , kärhanalaryň işinden başga-da raýatlarymyza hem elýeterli bolmagy üçin biziň kärhanamyz netijeli işler görkezmek üçin elinden geleni edýär. Häzirki günlerde döwrebap sanlaşdyrmalar arkaly bank terminnarynyň smartfonlara geçmesi biziň töleg arkaly işlerimiziň öňküden hem ýeňilleşmesine getirjekdigi ikiuçsyzdyr.Her bir ugurda bolşy ýaly taryhda dürli işleriň ýerine ýetirilişi işler hem-de ýokary derejeli görnüşde ýerine ýetirilmese-de garaz bu günki gün has doly hem-de çalt usullar bilen dünýä ýaýramagy bolsa , bu günki gün türkmen halkynyň ösüşlerinde ýokary netijeler gazanylýandygyny alamatlandyrlýar.Taryhda poçtalary ýerine ýetirýän, hatlary äkidýän we onuň jogabyny getirýän poçtalaryň gögerçinler bolandygyny biz bilýäris. Kämil dünýäniň hazynasy bolan gögerçinleriň adama ýakyn,diline düşünýän guş hökmünde ynsan durmuşynda ýer almagy gaty täsindir. Günümizde bolsa, elektron poçtalaryň sanlyja sekuntda müşderä, beýleki ýüz tutulan tarapa baryp ýetmesi gögerçinleri “dynçlyga çykardy”.Sanly ykdysadyýet internet mobil ulgamynyň şertlerinde jemgyýetiň ähli özgerişlikleriniň başlangyjy bolmak bilen öz üstüne täze jemgyýeti gurmagyň mümkinçiliklerini alýar. Sanlaşdyrmagyň umumy mazmuny barada aýdylanynda, sanlaşdyrmak islendik babatynda hem şol bir işde ýüze çykan ösüşleriň akabasyndadyr. Adamlaryň sowat aýratynlygyny hasaba almak bilen ulanyjy hökmünde bu günki gün sanly ykdysadyýetiň islendik ugry boýunça dolandyryjylygy amala aşyryp biler we ykdysady reformanyň döwlet üçin zerurlygynyň bolşy ýaly,ol her bir maşgala üçin hem zerur şertleriň biridir. Sanlaşdyrma bolmazdan häzriki zaman dünýäsini hat-da göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Çünki ýaşlary döwrebap işlemeklige we bilim almaklyga çykmak üçin hem ilkinji nobatda bilim dünýäsiniň sanlaşmagy has wajypdyr. Şol sebäpli hem diňe bilim ýa beýleki ugurlar däl, ykdysady ugur boýunça hem sanlaşdyrylmagyň täzelikleri ýaşlary döwrebaplaşdyrmakda oňyn netije görkezýär. Mobil goşundylary hem-de olaryň ýerine ýetiriliş usullary bolsa, halkymyza ösen derejde hyzmat edilýändiginiň alamaty hökmünde bu günki günde mobil ykdysadyýetiniň üstünligini ýekän- ýekän açýar.Elbetde sanlaşdyrmagyň dünýä ykdysadyýetiniň baş görkezijisi hem- de dolandyryjysy hökmünde öňe çykýandygy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde onuň mazmun açary gün geldikçe biziň durmuşymyzy özgerdýär. Ýurdumyzda talyp ýaşlaryň okuw- iş düzgünlerini sanlaşdyrmagyň dürli ugurlary boýunça sowatly işler alnyp barylýar.Bu ugurda bilim hünärmenleriniň edýän işleri uludyr. Çünki hünäri hem bilmi sanlaşdyrmak amala aşyrylanda, ösüşleriň sakasyndaky zehinli çagalaryň açyljakdygy düşnükli zatdyr. Şol sebäpli hem sanly dünýägaraýşy bolan adamlaryň döwrebap ýaşlar bolup ýetişmeginde ýurdumyzda uly aladalar edilýär diýsek hakykatdan daş düşmeris. 2024-nji ýyl has-da döwrebap sanlaşmagyň ýyly bolmaga başlady.Çünki dünýäniň çar künji bilen söwda- ykdysady ragatnaşyklaryň ýola goýulmagy hem-de tizleşdirlen sekuntlarda haýsydyr bir işi ýerine ýetirmek üçin uly bir güýç- gaýrat sarp edilmeýändigine tarap ädilen ädimleriň ýokary derejesini görkezdi. Dürli onlaýyn konferensiýalaryň hem-de onlaýyn seminarlaryň, onlaýyn medeni görnüşleriň üsti bilen hem ýaşlar dünýä çykmaga hukuk gazandylar. Munuň özi ýaşlaryň başarnyklarynyň ýokarydygyndan habar berýär. Haçanda adam sowatly bolan ýagdaýynda sanly ulagamyň dolandyryjylyk ukybyny özünde terbiýeleýän bolsa, diýmek şeýle usullary nazarda almak bilen maşgalada hem , ýagny döwletiň düzümini düzýän kiçijik döwletlerde hem sanly ulgamyň zerurlygy her ädimde gerekdigine düşünmek has dogrydyr. Dogrusy her bir iş edilende onuň netijesini görmek halk bähbitli işleriň biziň ýudurmyzda hem ýokary derejede ösýändiginiň nşanydyr. Bu uzak aralykdaky bitirilmeli işleriň çägini azaltmakda, ykdysady üpjünçiligiň mümkinçiliklerini açmakda, jemgyýeti hem ösen hem şol ugra gönükdirmekde esasy zerurlyga çagyrýan täze bir zerurlykdyr. Munuň özi uzak aralykdan edilmeli işleri sanlyja wagtda amala aşyrylmasy hem-de Paýtagtymyz Aşgabadyň hem-de welaýatara töleg hyzmatlarynyň ýeňilleşdirilmegi üçin ýerine ýetirilen işlerden birisidir. Sportfon arkaly töleg öz döwrebaplygyny dünýä sanly ulgam ugrunda nijeme ýyldan bäri amala aşyrýar. Şol aralykda ykdyady ugurlardan peýdalanyp, biziň ýurdumyzda hem birnäçe işler alnyp abryldy. Häzirki zaman ösen töleg hyzmatlarynyň içinde bolsa, bu töleg hyzmaty halk bähbitli işlerde öz goşandyny goşar. Smortfon arkaly töleg ýörüte töleg terminallarynyň üsti bilen amala aşyrylýar hem-de häzirki günlerde ýurdumyzda sanlaşdyrylan edara , kärhanalaryň işinden başga- da raýatlarymyza hem elýeterli bolmagy üçin biziň kaärhanamyz netijeli işler görkezmek üçin elinden geleni edýär.Edara- kärhanalarda ýerine ýetirilýän mobil bazary hem-de ykdysady ýokary göterilişiň ugry bu günki gün dünýä bazarynda edilýän işlerde türkmen ýaşlarynyň döredýän mobil goşundylarynyň internet ýarşlarynda ugur almasy bieln düşündirilýär. Häzirki günlerde döwrebap sanlaşdyrmalar arkaly bank terminnarynyň smartfonlara geçmesi biziň töleg arkaly işlerimiziň öňküden hem ýeňilleşmesine getirjekdigi ikiuçsyzdyr. Çünki Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen edilýän işlerde ýaş zehinlileri ösdürmek hem-de olaryň gelejegi üçin birnäçe täze taslamalar döretmek bilen bagly, biziň hem kärhanamyzyň ýaşlary ýaşlar ýylynda birnäçe täze taslamaalryň üstünde işledi.Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaşlaryň döredijiligini ýokarlandyrmak üstünliklerinde mobil söwda ulgamynyň hem aýratyn ornunyň bardygyny ykdysady ösüşlerimiz subut etdi. Olaryň biri hem iň täze çykan smortfon arkaly töleglerdir. Mobil bank goşundysy arkaly smortfondan çekilip alnan tölegiň çekleşdirme hyzmatlary hem bar, munuň özi häzirki zaman adamzat jemgyýetinde ösen islegleri tizara kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.Galtaşmasyz tehnologiýas arkaly alnan netije bilen gurnamak mümkinçiligini size hünärmenlerimiz anyk düşündirip biler. Mobil söwdalarynyň üstünlikli aýratynlyklaryna tarap ädim ätmek bilen birlikde ilkinji nobatda ýaşlaryň her bir işe döredijilikli çemeleşýändigini alamatlandyrdy.Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli mobil banky bilen bilelikde durmuşa geçirýän bu töleg hyzmatlary usuly dünýä sanly ulgamynda biziň ýurdumyzda hem edilýän işleriň ösýändiginden habar berýär.Smortfona galtaşmazdan ýörite mobil goşundynyň üsti bilen alnan tölegiň diňe işewür adamlaryň sähelçe sekundyny almagy bu günki gün döwürdeşlerimiz barada ýurdumyzda edilýän aladalaryň biridir. Tölegleri kabul etmek boýunça bank terminalyny unudyň.Indi ol Siziň smartfonyňyzda.Ähli gerek bolan zat bu Mobile Bank goşundysy we biziň çekleri çykarmak üçin kiçijik printerli ýörite smartfonumyz.Mobile Bank goşundysy nähili işleýär.Ähli galtaşmasyz tölegler tehnologiýasynda gurnalan. Ýurdumyzda ykdysady reformany amala aşyrmak üçin edilýän işlerde ýoakry derejeleri gazanmak üçin her bir ýaş telekeçiniň hem-de mobil bazaryň esasy netijesini gazanmaga mümkinçilik döredýän goşundynyň bu günki gün türkmne ýaşlary üçin ýokary netije gazanmaga mümkinçilik döreýändigini almatlandyrýar. Ykdysady çeşmeler we önümçiligiň ösüşi pese gaçdy.Ýöne bu esasy umumy çözgüdi pese gaçyryp bilmeýärdi.Soňky döwürlerde bolsa, ýyldyrym çaltlygynda ösýän salgy alyş- çalyşygy hem- de dürli ugurlar boýunça öz täsirini ýetirýän sanly alyş- çalyşyk ykdysadyýeti düýpli özgertmegiň zamanasynyň gelendigini subut etmäge başlady.Asyry özbaşdaklaşdyrmaga başlady.Sanly platformalar täsirli hem- de açyk düýpli bazarlary ýüze çyklarmaga başladylar. Sanly aragatnaşyk hem- de hem- de habar ulgamyna täze mümkinçilikler açary hökmünde halkara geçirijiniň üstünlikleri bilen birleşip, sanly ulgamyň çaltlaşmagy we tizleşmegi esasynda sanly ykdysadyýetiň üsti bieln internet kärhanalarynyň hem ösüşleri başlandy. Olaryň halk ykdysadyýetindäki orny hem öz ýüzüni görkezip Sanly poçtalaryň ýüze çykmagy bilen indi gidip,getirip ýörmek işler Şu günki günde Ýurdumyzy sanly ulgama geçirmek, täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak maksatly, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Sanly ykdysadyýeti ösdürmek” Konsepsiýasyndan ugur alyp elektron tehnologiýalary ösdürmek üçin giň gerimli işler amala aşyrýarlar.Häzirki zaman ösen töleg hyzmatlarynyň içinde bolsa, bu töleg hyzmaty halk bähbitli işlerde öz goşandyny goşar.Diňe ýörite smartfony karta goýuň we töleg düwmesine basyň. Her bir ýerde bolşy ýaly biziň ýurdumyzda hem mobil bazarynyň has giňişleýin ugurlarynda üstünlik gazanmak häzirki zaman ösen tehnologiýalar dünýäsine goşant goşjak ýaşlaryň bardygyny görkezýär.Tölegler örän ýakyn aralykdan işleýär, şol sebäpli, karta we telefon biri-birine degip durmaly diýen ýaly. Birnäçe sekunt garaşyň, ekrandaky duýduryş tölegiň kabul edilendigini habar berer. Biziň ýörite smartfonumyz islendik töleg terminalynyň ornuny tutar, sebäbi onda ähli töleg ulgamlary, ähli jemagat hyzmatlary, ulag we aragatnaşyk hyzmatlary, şeýle-de gysga wagtda iýmitlenme restoranlarynyň hyzmatlary we getirilip berilýän söwda hyzmatlary gurnalandyr. Ýaşlaryň bilim, ukybyny açyp görkezmekde-de, bilimiň islendik ugry boýunça kämilleşmeklerini gazanmaklarynda hem sanly ulgamyň, sanly ugryň täsiri tükeniksizdir.Türkmenistanyň banklary bilen birlikde täz eusullary ýerine ýetirmek üçin edilýän halk bähbitli aladalaryň biri hem häzirki zaman ösen tehnologiýalar döwründe edilen işleriň netijesini seljermekdir. Çünki ýurdumyzda edilýän işleriň has döwrebaplaşdyrylmagy üçin . Şeýle uly mümkinçilikleri döredip beren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň , Arkadagly serdarymyzyň başlary dik, janlary sag, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin. Täze zamananyň ýaşlary bu günki gün her bir işde ezber hem-de mobil bazarynyň hem muşdaklary hem-de şol ajaýyp bazarda öz güýçlerini synamaga döredijilikli çemeleşmek üçin taýýarlyklar görýändigji subut edýär.Öz tejribämizi synap görmäge döredip berýän mümkinçiliklerine sag bolsunmyzy aýdýarys.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag alyp abrýan işleri rowaçlyklar abeslensin. Çünki Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen edilýän işlerde ýaş zehinlileri ösdürmek hem-de olaryň gelejegi üçin birnäçe täze taslamalar döretmek bilen bagly, biziň hem kärhanamyzyň ýaşlary, ýaşlar ýylynda birnäçe täze taslamaalryň üstünde işledi.

Bossan Gylyçmyradowa 

Jemal Ataýewa

Türkmengaz Döwlet konserniniň Mary nebit – gaz orta hünär mekdebiniň mugallymlary