Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Oba hojalygyny toplumlaýyn özgertmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sebäbi oba hojalyk pudagynda ýerine ýetirilýän maksatnamalaýyn işler türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, azyk bolçulygynyň berkemegine halkymyzyň halkara abraýynyň artmagyna gönükdirilendir.
Türkmeniň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ylymy ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen oba hojalyk pudagyna degişli ylmy barlag institutlarynyň ýolbaşçylary bilen ýakynda duşuşdy. Ylmy institutlarda alnyp barýan ylmy barlaglar bilen gyzyklandy. Aýratyn hem tohumçylyk – seçgi işlerini kämilleşdirmek, dänäniň, pagtanyň we gök bakja ekinleriniň ýerli şertlere laýyk gelýän, kesellere durnukly we ýokary hasylly görnüşlerini döretmek barada belläp geçdi. Toprakdan bol hasyl almak üçin ylmy nukdaý nazardan ugur almaly ylmy çeşmeleriň gowy netijeleri bilen gyzyklanmaly diýip Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi. Mundan başga-da oba hojalykçy alymlar bilen duşuşyklaryň ýygy – ýygydan guralmagynyň oňa ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny we ýaş mugallymlaryny işjeň çekilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna üns çekdi. Sebäbi ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň ösdürilmegi üçin pudaga giň möçberli maýa goýum gönükdirilýär. Oba hojalyk toplumynyň düzmini döwrebaplaşdyrmaga tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, hünärmenleriň bilimlerini kämilleşdirilmegine uly serişdeler goýberilýär. Ýurdumyzda ylym ulgamyny has-da kämilleşdirmekde ylmy önümçilik synag merkezleriň işleriniň ýola goýulmagy muňa aýdyň mysal bolup bilýär.
Şeýlelik-de ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň has-da ösmegine taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.