Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkadag şäherinde gurlan Oba hojalyk toplumynyň binasyna ylmy-barlag institutlarynyň göçürilip getirilmegi, oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag işlerini alyp barmaga giň mumkinçilikler döretdi.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyna degişli ylmy barlag institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, olaryň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz:”Oba hojalygynda ähli işler ylmy esasda alnyp barylmalydyr” diýip belläp geçdi. Iş maslahatynyň dowamynda  Oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary häzirki wagtda oba hojalyk ylmyny hemmetaraplaýyn ösdürmekde alnyp barylýan işleri barada hasabatlaryny berdiler.

Gahryman Arkadagymyz oba hojalyk pudagynda uly işleriň alnyp barylýandygyny, esasy maksadyň halkyň azyk bolçulygyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň şorlaşmagyna garşy wagtynda göreşmek barada belläp, ýurduň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ekinleri ekmelidigi, döküni, suwy öz wagtynda, zerur mukdarda bermelidigi, ähli işleri ylmy esasda alyp barmalydygyny belläp geçdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmen oba hojalyk institutynda oba hojalyk ylmyny hemmetaraplaýyn ösdürmek babatynda ylmy-barlag işlerini alyp barýarys. Talyplar ylmy-barlag işleri alyp barmaga işjeň gatnaşýarlar.

Lälezar MUHAMMETOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.