Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli babatda uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki döwürde Ata Watanymyzda her bir pudagy ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwrüň ösmegi we täze özgertmeleriň durmuşymyza ornaşdyrylmagy üçin ylmy-barlag işleriň, täze açyşlaryň alnyp barylmagy zerur şertleriň biri bolup durýar. Şol esasdan hem, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň taýsyz tagallary esasynda Akylly şäher Arkadag şäherinde ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk pagtaçylyk institutlarynyň gurulmalydygyny we olaryň işiniň ýokary derejede gurnamak barada kararlara gol çekmegi guwandyryjy wakadyr.
Mundan başgada ýaňy-ýakynda Türkmen halkynyň Milli Lideri , Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedow Arkadag şäerine baryp oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşandygyna örän şatdygyny aýdyp, olaryň alyp barýan ylmy işleri bilen gyzyklandy. Şonda Gahryman Arkadagymyz :
__ Bu ylmy institutlar oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi täzeçe guramaga ýardam bermelidir. Ýaş hünärmenleriň tejribe toplamagyna, özba’şdak oýlap tapyşlar bilen meşgullanmagyna itergi bermelidr. Oba hojalygynda ähli işler ylmy esasda alnyp barylmalydyr. Bu bolsa ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmäge şert döreder – diýip aýtdy
Bu ylmy barlag institutlary oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmäge oba hojalygynda täze gadamlary basmaga täze başlangyç bolar. Edilýän işleriň gadyry çekilýän zähmetiň höziri görilýän ýurtda türkmen alymlary döredilýän mümkinçilikerden ugur alyp täzeden-täze ylmy-barlag işleriň üstünde işleýärler. Bu işler gelejekde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşine özüniň mynasyp goşantlaryny goşar.
Aýnur Ýagmyrowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy