Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda jogapkärli möwsüm bolan galla oragy ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gyzgalaňly dowam edýär. Bol hasylly meýdanlarda päk zähmetiň joş alýan günlerinde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gallaçylaryň arasynda bolup, olaryň armalaryny ýetirýärler, öňdebaryjylaryny höweslendirýärler hem-de zähmet ýeňşine ruhlandyrýarlar. Edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti, döwletimiziň berýän goldawy netijesinde, şu ýyl ýurdumyzda guşgursak ak bugdaýyň bol hasyly kemala getirildi. Munuň özi obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň netijesidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy we toplumyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm işleýär. Milli Liderimiz kärhananyň barlaghanasynda alnyp barylýan işler bilen hem tanşyp, bu ýerde işleýän hünärmen barlaghananyň iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny, geçirilýän ylmy barlaglaryň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändigini belläp geçdi. Şeýle-de ol önümçilik düzümlerinde netijeli işlemek, dynç almak üçin zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz barlaghananyň işiniň önümçilik toplumynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, bu ýerdäki işleriň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigini, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Gahryman Arkadagymyz döwletimiz tarapyndan oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, pudagyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bagly alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de güýçlendirmeljekdigini belledi we maslahata gatnaşyjylara bu ugurda alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmegi tabşyryp, asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Gunça NAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy