Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym bilime giň ýol açylýar.
Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak şu gününň baş wezipesi biri bolup durýar. Häzirki zaman oba hojalyk ylmynyň we dünýä tehnologiýasynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsleşige ukuply sanly ykdysadyýeti ösdürmek zerur bolup durýar.
Geçen ýyl Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýyl Arkadag şäherine baryp, onuň ikinji tapgyrynda baryp, onuň ikinji tapgyrynda ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň binalarynyň gurulmalydygyny aýdyp desgalaryň guruljak ýerleri kesgitläp berdi.
Arkadagly |Gahryman Arkadagymyz bu karary ýurdumyzda ylym-barlag işler bilen meşgullanýan alymlaryň, ylmy işgärleriň, oba hojalyk ugrunda bilim berýän mugallymlaryň we bilim alýan talyp ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Mundan başga-da 24-nji iýunda Gahryman Arkadagymyz özi hem Aşgabat şäherine iş saparynyň çäginde Arkadag şäherinde Oba hojalyk toplumynyň binasyna baryp ýerde ylmy-barlag institutlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyp ol ýerde alnyp barylýan ylmy işleriň gidişi we netijleri bilen gyzyklandy.
Gahryman Arkadag bu ýerde ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, ekinleri ýazky we güýzki möhletlerde ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny kämilleşdirilmegine, bu ugurda milli ekerançylyk däpleriniň we dünýäniň ösen tejribesiniň netijeli özleşdirilmegine ünsi çekdi.
Şeýle-de Alym Arkadagymyz iş maslahatynyň çäginde ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilýän ylmy-ýarlag işleriniň derejesine möhüm ähmiýet berilmedigini belläp geçdi
Hojamyrat Orazbaýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy