Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny ösdürmäge has köp üns berilýär. Obasenagat toplumy döwlet tarapyndan dolandyrmagyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Oba hojalygynyň düzümleýin üýtgedilip gurulmagynda esasy wezipe onuň pudaklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, dürli hojalyk ulgamlary üçin bäsdeşlige ukyply ýagdaýy döretmekden ybaratdyr.
Häzirki günlerde ekin meýdanlarymyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Edermen gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna tabşyran ak bugdaýynyň eýýäm 1 million tonnadan geçendigi hem mukaddes topragymyza siňdirilýän yhlasyň guwandyryjy netijeleridir. Bu hoş habaryň aýdylmagy ählimiziň buýsanjymyzy goşalandyrdy. Çünki ak bugdaý halkymyzyň mukaddes baýlygydyr. Ýurdumyzda ak bugdaýyň ýylyň-ýylyna ýokary hasylynyň alynmagy azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň kepilidir.
Gahryman Arkadagymyz ýakynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyranda, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna barmagy galla oragynyň dowam edýän döwründe daýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerine galkyndyrdy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede gurlup, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhananyň düzümine elewator we un, çörek önümleri bölümleri girýär. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm işleýär. Täze bölüm bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy. Oba hojalygyna ornaşdyrylan täze tehnologiýalar netijesinde häzirki wagtda daýhanlarymyzyň ýetişdiren ak bugdaýynyň bol hasylynyň kabul edilişi, elewatorlarda, ammarlarda saklanylyşy, guradylyşy, sarp edijilere ugradylyşy talabalaýyk alnyp barylýar.
Goý, halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun!
Erkin Annageldiyew
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
4-nji ýyl talyby