Günleri nurly Güneşiň çogy kimin sahawatly gelýän Diýarymyzda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz Türkmenistan ümmülmez Älem giňişliginde abraýly ornuny tapdy. Şanly senelere beslenip, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan her bir günümiz asyrlaryň akymyna öwrülip, barlyga baýlyk, ykballara bagtyýarlyk eçilýär.
Şu ýylyň 24-nji iýunynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkdagymyz Hormatly Predentimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäherine iş saparynda boldy şeýle-de Arkadag şäherine baryp ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we ylmy-barlag işleriuň alnyp barylyşy bilen gyzyklandy.
Mälim bolşy ýaly türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Arkadag şäherinde gurlan Oba hojalyk toplumynyň binasyna ylmy-barlag institutlarynyň göçürilip getirilmegi ýurdyn alymlary üçin ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi. Dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylan bu binada alymlaryň döredijilikli işlemegi, ylmy-barlaglary netijeli alyp barmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir.
Döwrümiziň Beýik şahsyýeti Gahryman Arkadagymyzyň köňül mährinden, dürdäne pähminden gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan Türkmenistan ýurdumyzyň kartasynda şeýle bir şäher peýda boldy. Bu şäher ata Watanymyzda binýat bolan iň ilkinji “akylly şäher”, ol – ARKADAG şäheridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylygyndan kemal tapan bu şäher ir wagtlardan bäri merdana halkymyzyň jemgyýeti edara etmek, kämil döwlet gurmak we ony dolandyrmak ýaly asylly işlerine gönüden göni gabat gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu aýdyň subutnama bolsa Arkadagly Serdarymyzyň: “Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýip, nygtaýan pähime ýugrulan ganatly sözleri bilen eriş-argaç kimin baglanyşyklydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň durmuş-ykdysady taýdan galkynýan döwrüne öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň yhlasyndan myrat tapan Arkadag şäheri ýürekleriň çyragydyr. Bakan ýerine bagt bolup seredýän, gadam basan ýerinde gül-gülzarlyk döredýän hormatly Arkadagymyzyň, öz öňünde goýan belent maksatlaryna ýetmek ugrunda türkmen halkynyň jebisligine, merdanalygyna bil baglaýan Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Tutýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Miwe Nuryýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.