Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan oba hojalyk toplumynda düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak üçin daýhanlarymyz halal zähmet çekmekde yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Ýurdumyzda däneçilik, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, maldarçylyk we guşçulyk ulgamlaryna täzeçillikler giňden ornaşdyrylýar.
Şu ýylyň 24-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrmagynyň barşynda “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna barmagy obasenagat toplumynyň işgärlerinde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň toplumyň işi bilen tanyşyp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi pudagyň hünärmenleriniň öňünde uly wezipeleri goýdy.
Gahryman Arkadagymyz iş maslahatynyň barşynda oba hojalykçy alymlar bilen duşuşyklaryň guralmagyny maslahat bermegi ylmy-barlag institutlarynyň işini döwrebaplaşdyrmaga, ýaşlarda hünärine bolan söýgini artdyrmaga ýakyndan ýardam eder.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik özgertmelerinden ruhlanýan, berýän tabşyryklaryndan ugur alýan seçgiçilik işleri bilen meşgullanýan alymlar tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasylly, kesellere durnukly oba hojalyk ekinlerinden bugdaýyň we gowaçanyň täze görnüşlerini döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak, ekinleriň seçgiçilik işi, tohumçylygy, agrotehnikasy we ösümlikleri goramak ugurlary boýunça netijeli ylmy işleriň alnyp barylýandygyny bellemek zerurdyr.
Halkymyzyň mukaddes topragyň hakyky eýesine öwrülmegi, yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Batyrowa Göwher,
S. A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň,
oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäriniň talyby.