Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy we onuň işi bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýyl Arkadag şäherine baryp, onuň ikinji tapgyrynda ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň binalarynyň gurulmalydygyny aýdandygyny we ol desgalaryň guruljak ýerlerini kesgitläp berendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýdyp, olaryň alyp barýan ylmy işleri bilen gyzyklandy.

Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory D.Babaýew häzirki döwürde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde ýurduň oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilýändigi, pudaga ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň, täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygy barada hasabat berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň direktory M.Meredow häzirki döwürde oba hojalyk ylmyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň meseleleri, seçgiçi alymlaryň gowaçanyň ýurduň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesele durnukly inçe hem-de orta süýümli görnüşlerini döretmek ugrunda alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnalyp alnan galla hasylyny elewatorlarda, däne ammarlarynda talabalaýyk saklamagyň, bu işe hemişe berk gözegçilik etmegiň, hasylyň kabul edilşini, guradylyşyny, sarp edijilere ugradylyşyny ýokary derejede guramagyň möhüm meseledigini aýratyn belledi.

Hojamyrat Orazbaýew

Türkmen oba hojalyk institutynyň bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy