Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli babatda uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki döwürde Ata Watanymyzda her bir pudagy ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwrüň ösmegi we täze özgertmeleriň durmuşymyza ornaşdyrylmagy üçin ylmy-barlag işleriň, täze açyşlaryň alnyp barylmagy zerur şertleriň biri bolup durýar. Şol esasdan hem, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň taýsyz tagallary esasynda Akylly şäher Arkadag şäherinde ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk pagtaçylyk institutlarynyň gurulmalydygyny we olaryň işiniň ýokary derejede gurnamak barada kararlara gol çekmegi guwandyryjy wakadyr.
24-nji iýunda Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkdagymyz Hormatly Predentimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäherine iş saparynda boldy şeýle-de Arkadag şäherine baryp ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we ylmy-barlag işleriuň alnyp barylyşy bilen gyzyklandy.
Mälim bolşy ýaly türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Arkadag şäherinde gurlan Oba hojalyk toplumynyň binasyna ylmy-barlag institutlarynyň göçürilip getirilmegi ýurdyn alymlary üçin ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi. Dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylan bu binada alymlaryň döredijilikli işlemegi, ylmy-barlaglary netijeli alyp barmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir.
Bagtiýar Saliýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy