Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmek, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, ylym bilen önümçiligiň özara arabaglanyşygyny üpjün etmek Hormatly Arkadagly Serdarymyyzň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenen. Bu ugurda döwredilen mümkinçilikler hem şertler öňde goýlan wajyp wezipeleri üstünlikli çözmäge esas berýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda, ylym ulgamyny kämilleşdirmek, dürli ugurlarda ylmy gözlegleri alyp barmak, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akakdemiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda ylmy işleriň geçirilmegini gazanmak, esasy üns merkezinde saklanylýar. Häzirki wagtda ylym bilen önümçiligi sazlaşdyrýan, önümçilik pudaklarynyň ylmy esasynda ösdürilmegine esaslanan täzeçil usullary ornaşdyrmak ylmy-önümçilik binýadyny berkitmek, ylmy-barlaglary we innowasion işläp düzmeleri höweslendirmek ýola goýulýar

Şeýle işeriň birine Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň işinipň täzeden dikeldilmegini mysal getirmek bolar.

Ylmy işleri alyp barmak ýokary netijeler gazanmak babatda Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan köp sanly işler alnyp barylýar. Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherindäki Oba hojalyk pudagynyň binasyna baryp ylmy-barlag institutlaryň direktorlary bilen duşuşanda hem:

__ Ylmy çeşmeler hemişe-de özüniň gowy netijesini berýär. Ähli işleri öz wagtynda we agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirseň, azabyň ýerine hem düşýär. Orup alan bugdaýyň her bir dänesi dykyz, dokmaňyz bolýar. Şeýle berekedi beýleki ekinlerden hem almagy başarmaly – diýip belläp geçdi.

Mundan başga-da Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnalyp alnan galla hasylyny elewatorlarda, däne ammarlarynda talabalaýyk saklamagyň, bu işe hemişe berk gözegçilik etmegiň, hasylyň kabul edilişini, guradylyşyny, sarp edijilere ugradylyşyny ýokary derejde guramagyň möhüm meseledgini aýratyn belledi.

Mämedowa Leýla Mämedowna,

 Çärjew etrabynyñ 23-nji Orta mekdebiniñ iñlis dili mugallymy