Russiýanyň Ýewropa gaz ibermeginiň täze ýoly açyldy. Çarşenbe güni Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Türkiýäniň Lideri Rejep Taýyp Ärdogan «Türk akymy» gaz geçirijisiniň ulanyşa giriziliş dabarasyna gatnaşdylar. Dabara şeýle hem Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç we Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow gatnaşdy.
«Türk akymy» boýunça russiýa gazynyň iberilmegi, diňe bir Türkiýäniň we Gara deňiz sebitiniň ykdysadyýeti üçin däl, eýsem, köpsanly günorta Ýewropa ýurtlarynyň ösmegine oňyn ýardam berer» diýip, Putin belledi.
Putiniň aýtmagyna görä, Moskwa we Ankara Ýakyn Gündogarda ýagdaýlaryň ýitileşmeginiň fonunda we daşyndan gelýän ýaramaz täsiriň netijesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgasyny görkezýär. Iki ýurduň Prezidentleri ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi we berkitmegi meýilleşdirýändigini bellediler.